kays
02.11.2023 08:00

Köpi gözlap azdan galmak barada

Bir wagt ýaşapdyr ulama alym,

Kerem kerematyn edeýin mälim.

Sopularam uçýarmyşyn asmanda,

Gaty kyn zat däl ol Taňrym islände.


Hak tagalaň ähli sözlerin uýup,

Ýaşapdyr dünýede din iman diýip.

Perişdeler haýran galýarmyş oňa,

Şu bendäň yhlasy gaty kän saňa.


Seni çenden söýýär eý Perwerdigär!

Dillerinden saňa öwgüler ýagar.

Taňry jogap berdi hiç höwes etmäň,

Artygyny gözläp hiç hata gitmäň.


Onuň bu ýagdaýy sürmez hiç uzak,

Iblis oň ýoluna gurýandyr duzak.

Beýle gullaň ýeri dowzahdyr otdur,

Soňra etjegide perýatdyr datdyr.


Iblis bu sözleri duýan badyna,

Düşýär ony azdyrmagyň oduna.

Bir garry gojanyň keşbine geçip,

Beýik ulamanyň gapysyn açyp.


Meni Hak ýoluna eýlegil taýýar!

Saňa sopulyga geldim men diýýär!

Sopulyga alyp Iblis gojany,

Ýanynda geçirýär gündiz gijäni.


Göze görnüp durmaz elmydam galp,

Iblisem pirinden sapaklar alyp.

Gije gündiz başyn sejdeden goýman,

Görkezipdir özün Taňryny söýýän.


Ulamada haýran galyp bu hala,

Soragym bar diýýär saňa bir ýola.

Iýmäni içmäni gijeler ýatman,

Bolmanda käteler hajata gitmän.


Ybadat etmegi söýýärsiň çenden,

Öwrenmeli zadym gaty kän senden.

Nädip başarýarsyň barysyn birden!

Bu başyň sejdeden galanok ýerden.


Diýende sopy hem aýdaýyn syrym,

Alladan şeýlebir gorkýaryn pirim.

Uly günä etdim şol düşüp ýada,

Üns bermeýän men asla hiç zada.


Senem bir günä et soň toba dile!

Soňra ybadatyň edäý meň bile.

Näme günä etsem maslahatyň ber!

Pirim sen bolmasa zyna edip gör.


Ýok ony başarman günäsi uly!

Adam öldür gana bulaýgyn eli,

Ýok onam başarman edip biljek däl,

Onda şerap içäýmeseň boljak däl.


Ulama oýlanyp soň sopa garap,

Bolýa diýýär onda içeýin şerap.

Bir oba barypdyr uzak ýol söküp,

Öňünden şerapçy bir zenan çykyp.


Alym biraz salym batypdyr oýa,

Myhmany saldylar tördäki jaýa.

Şerap içen bada göterlip keýpi,

Ýaňky zenanada gelmänidir haýpy.


Basgylap ýatyrka ýaňky zenany,

Jaýa ogly girip göräýýä ony.

Näm ederin bilmän ulama Alym,

Bir çäre görmesem muň soňy mälim.


Diýip çagajygy öldürýä şol bat,

Iblisem bulara bolupdur şaýat.

Soňra bir ýigidiň keşbine girip,

Bolanlary aýtýar Patyşa baryp.


Beýle günäleriň bererin merkin,

Dardan asyň diýip belleýär höküm.

Zenanyň ogluny öldüren Alym,

Indi gaçmajagy mälimdi mälim.


Bokurdagynda ýüp sallanyp durdy,

Birdenem gözleri Iblisi gördi.

Az salymdan soňra gitjekdi ölüp,

Iblis halyn sorap gepledi gülüp.


Halas ederin men diňleseň sözüm!

Eden hatalarňa jogapkär özüň.

Maňa sejde eýle eýläýin azat,

Çekmersiň öňkideý hiç ahy perýat.


Bokurdagymda ýüp bilemok gepläp!

Üm bilen sejd eýle hemaýat diläp!

Başyny ýaýkady sejd etdi oňa,

Indi kömek etmez hiç bir zat saňa.


Şol bada Ezraýyl janyny aldy,

Şeýdip Alym adam dowzahy boldy.

Günäsi az diýdi ol arak içdi,

Soňra agyr ölüm başyna düşdi.


Zyna etdi hemde adam öldürdi,

Şeýdip ol şeýtanyň gözün güldürdi.

Köp sogaba ýüwrüp ýalňyşdy çensiz,

Garaz adam ogly bolmaýar kemsiz.


Günäniň ulusy kiçisi bolmaz,

Hiç kim jepasyndan gaçybam bilmez.

Ulusyny gözläp galmaň kiçiden,

Bu size mysaldyr Alym kişiden.


Asla bilip durup günä etmäliň,

Özgeleriň geplerine gitmäliň.

Ýüregiňi diňle kyn güne düşseň,

Bagt süýji bolar oňa garaşsaň.......!

23
27
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.