wselennayaa
01.11.2023 12:21

...Baryp hiç kime üns bermedim. Öz jaýyma girip, çykaman oturdym. Nahar üçin işdämem ýokdy. Ykbalyň maňa beren almytyna gynansamda, kakamyň bu dünýede ýoklugyny ýatlap bagrymy daglap aglaýardym. Kakam b/n çagalykdaky pursatlary ýatlap, kä-te bolsa ýalňyşlyk b/n ynjydan günlerimi ýatlap özüme käýinýärdim. Şol günler täzeden dolansa, arman giden yza gelenok... Gaýytmankam, önki otagymyň diwarynda duran maşgala bolup düşen suratymyzy alyp gaýytdym. Gujagyma alyp ýatyp galypdyryn. Esli wagtdan soň sarsyp, turdym. Turamda elimde surat ýokdy. Göni gapdalyma garanjaklap suraty gözläp başladym. Ýatanda gujagyma alyp ýatandygymy gowy bilýärdim. Onda biri alan bolmaly. \" Indi şol surata eýe çykypdyrlar, gany zaýalar\" d/p, söwünip aýaga galanymam şoldy welin, diwarda asylan surata gözüm düşdi. \" Baryp suraty alaýyn, diýsem surat epeý ýokarda\". Muny bu ýere kim astmdy diýen pikir. Kelläme geldi. Görünüşe gorä uzyn bolýly biri asypdy. Daýanjyň boýy surata ýetjek derejede uzyn. Elbetde, onda şol asypdyr. Yzyma öwürlip, ýatan ýerime seretsem ýassyk b/n ýorgan durdy. Surat aladasy b/n olara ünsem bermändirin. Olaram Daýanç üstüme atan bolmaly. Gahardan gaşym çytyldy. Gapam şol wagyt açylaýdy. Daýanç eli saçakly geldi. Gahar b/n gygyryp:

- Albassy, sen näme üçin diwara asýaň. Saňa as diýen boldumy ýa-da, üstüme bir zat ýap diýen. Başyny salp \"Bagyşla\" diýen şekilde ýüzüni öwürdi. Duran ýerinden gymyldaman gaýgyly ýüzi b/n başyny aşak egdi.

Boluşyny görüp ýüregim ezildi. Hamala garşymda günä işlän çaga bar ýaly. Ýüregiň ýumşamaz ýaly dälti. Üstüne gyranyma ökündim. Elindäki saçagy ýere goýup, diwar tarapa uzandy. Suraty aýyrjak boldy. Aslynda suratyň şol ýerde durany meniň ü/n kem däldi. Ýerde duranyndan ýokarda durany has gowy. Bu ýagdaýy bildirtmejek bolup:

- Degme, degäýme surata. Olara siz ýaly ganyzaýalaň elleri degmesin.

\"Bolýar\" d/p başyny egip durd. Soňam çaga elin uzadyp, \"Nahar iýjekmi\" dp, el hereketi b/n düşündirdi.

-Iýjekgä, siziňem bokurdagyňyzda galsyn- d/p, bir gyrada dyzymy epläp başymy başymy goýup, oturdym. Daýanç naharyň başyna oturdy. Bäş minut soň üsgürip başlady. Başda üns bermedim welin ýagdaýy barha agyrlaşýardy. Başymy galdyryp görsem, gözleri hanasyndan çykaýjak bolýar. Ylgap baryp arkasyna kakdym. Üsgürip, üsgürip kükregini deşip gitdi. Saçakda duran suwy alyp içirdim. Üsgürmesi biraz köşeşsede gowlaşyberenokdy. Aldygyna suw içirip, arkasyna kakýardym. Ahyryn köşeşip özüne geldi. Hiç zat bolmadyk ýaly ýüzüme seredip soňra ýylgyrdy. Barmagyny galgadyp haýbat atyp başlady. Asyl görsem \" Bogazyňda galsyn\" diýen sözüm ýerine düşdide durdy. Menem onuň çaga ýaly ýagdaýyny görüp, gülmän durp bilmedim. Hezil edip gülenimden soň, elini galgydyp \"Nahar iýäý\" dp ýalbardy. Onuň özüni alyp baryşy meni gahar gazapdan ýumşadypdy. Esli wagytdan bärem garnym açdy. \"Haçana çenlä iýmän gezjek dp nahar iýmäne oturdym.

\" Bu oglanda näme günä bar. Ähli zada ňaşgalasy günäkär. Göwnünde zat ýok. Erbet adam bolsa, toý günüm ýanyma gelerdä. Belki duýmazdymam\'\'. Daýanjy synlap bu pikirlere gümra bolup gidipdirin. \"Doýduňmy doýan bolsaň töwir galdyrjak\" dp, hereketleri bn düşündirdi. Ýygnadyryp saçagy alyp gideýin diýsem özüm äkiderin, sen ýat diýdi. Ukymy men ozaldanam alypdym, diwara ýaslanyp oturdym. Kakam ýadyma düşüp ýene aglaýardym... Asmanam garalyp başlady. Daýanjyň şol gidişi. Halys iç gysgynçlykdanmy ýa başgaz zatdan bilemok, Daýanjyň gelerine garaşýardym. Iç gysgynçlykdan jaýyň içine tukatlanyp aýlanýardym.Daýanç geldi. Ony görüp ýylgyrdym hamala bütin deritlem giden ýaly ýeňledim. Olam meni görüp ýylgyrdy. Soňam sagada seredip, sandygyň üstünde duran düşekleri ýere atdy. Men birhili howatyrlanyp başladym. Görüp otursam, düşek bir adamlyk eken. Birini bäräkden birini bolsa aňyrakdan ýazdy. Soňra elini görkezip \" Seniň düşegiň şol\" diýdi. Ýylgyryp ýerime geçdim. Äpişgeden düşýän, aýyň yşky otagy gowy aýdyňlatýardy. Islendik zat görünýär. Menem içime ah çeki, ýene şol gam-gussama dolandym. Gözümden ýaşymy akdyrýadym. Birine içimi dökesim gelip Daýanja ýatyp ýatmadygyny soradym. Olam kellesini maňa öwürip ýatmadygyny maňa habar etdi. Oňa näçe gündir hiç kime aýdyp bilmedik duýgularymy aýytdym...

Günlerem geçip durdy. Maşgaladan hiç kim b/n gürleşmän soň, daşaram öýüň içem Daýançsyz iç gysgynçdy. Nämede bolsa, güýmeýärdi. Olam her gün bir üýtgeşikligi tapýardy. Käwagt aýlanmana äkitýärdi, käwagt doňdurma getirp ýalňyz goýmajak bolup elinden gelenini etýärdi. Günleriň dowamynda men oňa ysnyşyp başladym. Ony söýüp bagt saýdym. Indi bolsa, hakyky är-aýalam boldyk.... Bir gün öýdäkiler, Begenji öýermek barada gürrüňi gozgadylar....




Dowamy bar....

24
228
serdarowna
3 Noýabr 2023
Mmmm indem ertirmi😔
wselennayaa
3 Noýabr 2023
@meleka, salam, ertir goýýan
meleka
3 Noýabr 2023
Hekayanyn yzyny goyjak dalmi
wselennayaa
2 Noýabr 2023
serdarowna
2 Noýabr 2023
@wselennayaa, bolýa😊
wselennayaa
2 Noýabr 2023
@serdarowna, ýetişsem goýýan
serdarowna
2 Noýabr 2023
@wselennayaa, 😔okasym gelipdidä
serdarowna
2 Noýabr 2023
@beautiful_girl, bolan wakalarmy, näçinjisi
wselennayaa
2 Noýabr 2023
@serdarowna, salam şu gun dowamyny goýup blmk
serdarowna
2 Noýabr 2023
Dowamyny şu gün goýaýdaaaa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.