altyyeva
01.11.2023 11:38

“Näzik hesretiňe dözülmedimi?”

Italmaz Akmyradow


Menden mundan zyýat näme isleýäň,

Ýoluňa yzlarym çekilmedimi?

Düşünemok, göwnüňde ne besleýäň,

Göwnüň diýip göwnüm ýykylmadymy?


Dag mertebäm köp peseldip öňüňde,

Gula dönüp, dyz epemde deňiňde,

Ýazyň güni buzdan beter doňaňda

Ýüregim ot bolup ýakylmadymy?


Didäňden didämi aýyryp bilmän

gezemde oňmadyň bagrymy dilmän.

Söýýän bol boldumy?

Gözüňe ilmän,

yşkymyň gözýaşy dökülmedimi?


Hany meni haýran eden edebiň?

(Agyr ahyr büdrese bedewiň!..)

Şol giden ýoluňa ruhum, bedenim

Gözlere öwrülip dikilmedimi?



✏Sapa HOMMADOW

19
31
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.