Bellik: Arhiwimde bar eken, men-ä degişme diýip düşündim, sizem bilmedim ))
Ýöne hakykat bolmagam ähtimal ))
Gyzlar hakynda 10 geň hakykat
Salam dostlar. gelin temany azajyk üýtgedeliň. Gyzykly temajyk siz bilen paylashayyn diydim.
Aslynda gyzlar bilen oglanlaryň gurluşy we fiziki aýratynlyklary köp. Arassaçylykdan başlap beýleki häsiýetlere çenli arada uly tapawut bar. Olar oglanlara garanyňda has inçe ruhly we duýgyr bolýarlar. Geliň onda gyzlara degişli bolan 10 hakykaty bilelikde okalyň:
1 – Syzgyr duýgular
Gyzlar oglanlara görä has syzgyr we duýgurdyr. Bir zat bolanda oňa garşy reaksiýasy oglanlara görä has üýtgeşik bolýar. Şol sebäpli hem olar ýylda ortaça 46 gezek aglaýar. Bu hem 8 günde bir gezege gabat gelýär.
2 – Pallamak
Oglanlar pallanlarynda ellerini ýumup ýumruk ýagdaýyna getirýär. Emma gyzlar bolsa eliniň aýalary bilen agyzlaryny ýapýarlar. Barlap gördüňizmi?
3 – Dodak pomadasy
Bir gyz maşgala ömründe ortaça 2 kg ýaly dodak pomadasy iýýar ekeni. Allergiýä bermeýäni hem gowy zat :).
4 – Syr saklamak
Geçirilen barlaglaryň netijesine görä aýal maşgalalar bir syry ortaça 47 sagat 15 minut saklap bilýär ekeni.
5 – Aýna
Geçirilen anketalaryň netijesine görä gyzlar ýylda ortaça 120 sagat aýnanyň öňünde wagtlaryny sarp edýärler ekeni. Oglanlar bolsa näme üçin köp garaşýas diýip soraýarlar :).
6 – Ýygyrtlar
Aýal maşgalalaryň teni erkekleriňkä görä inçe bolany üçin çalt ýygyrtatýar. Ýöne oglanlar unutmaň olaryň ruhy mydama ýaşdyr.
7 – Gujaklamak
Gyzlar özlerini gujaklaýan adamlara has çalt ynanýarlar we ysynýarlar. Muny okap ertir gujaklajak bolup şarpyk iýaýmäň oglanlar :).
8 – Egin-eşik saýlamak
Gyzlar ömrüniň bir ýylyny diňe näme geýjegini pikirlenmek üçin sarp edýärler. Oglanlar bolsa olara garaşyp duran wagtlary haýsy oýuny oýnajagyny pikir edýärler :).
9 – Bäbegiň ysynyň gyzlara täsiri
Alymlaryň bellemegine görä täze dogulan bäbegiň ysy köp gyzlarda, tirýekiniň tirýege gowuşan wagty ruhynyň bolşy ýaly täsir emele getirýär ekeni. Men hem pikir edýärdim şonça agyry-syza döz gelip nädip çaga dogurýarlar. Ynha şu duýgy olara bar agyryny syzyny ýatdan çykartýan bolmaly. Goý enelerimiziň ömrü uzyn bolsun !!!
10 – Göz gyrpmak
Gyzlar oglanlara görä 2 esse köp gözlerini gyrpýar. Ýöne ýenede birinji oglanlar göz gyrpyp duýdyrmaly bolýardy bir wagtlar. Muňa ýaşy ulyraklar düşüner. Entäk mobilny telefon çykmanka söýüşenler has gowy bilerler :).