tmyigit76
31.10.2023 13:58

Konfusiniň pähimleinden






๏. Ýaý atmak bize hakykaty nähili gözlemelidigini öwredýär: eger ýaý

atyjynyň oky nyşanadan sowa geçse, ol munuň üçin başgalary däl-de, özüni günäkärlemeli.


๏ Kim könä ýüzlenip, täze zat açmany başarýan bolsa. şol mugallym

bolmaga mynasypdyr.


๏ Asylly adam il aladasy, pes adam öz gaýgysy bilen ýaşaýar.


๏ Meniň maksadym - hakykat, kömekçim - päk ahlak, daýanjym-

adamkärçilik, kalbyma rahatlyk berýän zadam - sungat.


๏ Gürleşeniňe degýän adam bilen gürleşmeseň, ony ýitirdigiňdir.

Gürleşeniňe degmeýän adam bilen gürleşseň, sözüň ýele gitdigidir.

Akylly kişi adamlaram ýitirmeýär, sözünem.


๏ Alys geljekde ýüze çykmagy mümkin kynçylyklar hakynda pikir etmeýän adam, ýakyndaky näsazlyklara büdreýär.


๏ Ownuk zatlarda özüňi saklap bilmezlik, uly işlere päsgelçilik döredýär.


๏ Asylly adam ömründe üç zatdan gaça durmaly: güýji dyňzap duran ýigit wagty - yşkbazlykdan, kämillige ýeten wagty - bäsdeşlikden, garrylyga ýetip, güýç-kuwvwaty azalan wagty - gysgançlykdan.


๏ Kyrk ýaşyna çenli özi hakynda diňe ýaramaz pikir döreden adamyň

soň, düzelerine umyt etme.


๏ Asylly adam hemmeler bilen ylalaşyp ýaşaýar. Pes adam bolsa, hemişe özüne kybapdaşy gözleýär.


๏ Akyldar şeýle diýipdir:

-Eger adamlar kimdir birini ýigrenýän bolsalaram, gowy görýän bolsalaram, onuň düýp sebäbine göz ýetirjek boluň.

38
117
tmyigit76
31 Oktýabr 2023
@mawy, 😉 (stikerde düşünşýäs. Ösen biz) 😂
tmyigit76
31 Oktýabr 2023
@mawy, 🤗👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.