altyyeva
31.10.2023 08:56

Ol ýerinden turdy.

– Okuwçylar, çörek näme üçin şirin, çörek näme üçin mukaddes? Kim aýtjak?

Eller ýokary göterildi.

– Sen aýt – diýip, onuň özi hälki dogumlyja oglana barmagyny çommaltdy.

– Çörekde adam organizmi üçin ähli zerur maddalar bar. Çörek iýse adamyň organizmi maddalardan doýýar.

– Ýok-how, çöregiň düzüminde belok, krahmal köp...

– Baý bildiň-ow, çöregiň düzüminde glýukoza bar. Ol ganyň sostawyny baýlaşdyrýar. Çörek iýseň ganyň güýçlenýär. Adam doýan ýaly bolýar.

Ol elini göterdi.

– Bilmediňiz.

Okuwçylar oňa haýran galdylar. Alma Meredowanyň özem bu adamyň çürt-kesik sözüne aňkarylyp galdy.

– Çörekde, köşekler, adamlaryň ruhy bar. Hawa, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar garraýar, ölýär. Uruşlar bolýar, adamlar ölýär. Ölenleri toprakda jaýlaýarlar. Topragam şol adamlaryň ruhuny, mährini özüne sorup alýar. Ekinleň içinde bugdaý şol mähri özüne iň köp çekýäni. Görseň, onuň dänesem edil ýürek ýalydyr. Şol ýüregem durşuna mähirdir. Iýseň ýüregiňi tutar. Ýaňy aýtdym-a, «ýüz nahar iý, garnyň doýmaz. Çöregiň el ýalyjagyny iý, garnyňa gunt düşen ýaly bolaýar» diýip. Ine, ata-babalarymyz şoňa düşünip, çöregi mukaddes saýypdyrlar. Şonuň üçin oňa tagzym edipdirler...


Öwezdurdy Nepesow "Çöregiň tagamy" powestinden

24
81
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.