Durmuşda üns berilmeýän derwaýys meseleler biçak kändir. Men şu gezek öý haýwanlarynyň üstünde durup geçmegi makul bildim...
Öňräk biriniň öýünde gurluşyk edip ýördük welin, entek gözi açylmadyk, dogulanyna 3-4 gün bolan güjük çagajyklary öýüň gapdalyna zyňyp gidipdirler. Şu hereketi edip bilen adam nähili adamka? Aslynda ýürek diýilýän zat barmyka şol adamda? Bolýa, temamyzy üýtgetmäli, geleli şo güjük çagalaryň zyňylmak meselesine.
Mälim bolşy ýaly, oba ýerlerinde takmynan, her on öýüň dördüsinde it bar. Beýle diýildigi, oba ýerlerinde hojalyklaryň 40-45%-de it bar diýildigi. Jynsyna görä üýtgäp biler ýöne bar. Indi, şo urkaçy jynsly güjükleri (biz tarapda güjük, it diýilýär, hemme ýerde-de şeýlemikä diýýän) saklaýan hojalyklar bilen bagly bolup durýar biziň "üns berilmeýän derwaýys meselämiz". Itiň köpeldimi, süýtden aýrylynça çagalaryny zyňma ýa oňa-muňa saklamaga berme! Eger, işigiňde güjük çagajyklarynyň bolmagyny isläňokmy, asla urkaçy jynsly güjükleri, itleri saklamaň! Ýalazy meýdanda (oba ýerlerinden çeträk ýerlerde) gezibersinler. Olara bolsa hökümet gözegçilik eder. Eger, urkaçy jynsly iti saklamagy isleýän, halaýan bolsaňyzam çagalary ulalyp özüni özbaşdak eýgerinçä zyňma ýa oňa-muňa saklamaga berme! Ulalyp özüni eýgerensoň ber. Hiç kim almaýan bolsa, niýetiňem zyňmak bolsa, ýokarda belleýşimiz ýaly ulalansoň ýalazy ýerde iň soňky gezek naharlap goýup gaýt. Olaram jandar, janly zat, açlyk, ejir çekmek, agyry, ynjy, şatlyk, wepalylyk, garaz, olarda-da jan bar, jandarlary kösemäliň, kösäp günäsine galmalyň! Neresse çagajyklar açlykdan, suwsuzlykdan ölüp gidýär... Şo çagajyklary zyňýan adamlaryň elini aýagyny daňyp bir jaýda saklasaň, açlykdan, suwsuzlykdan ölinçä saklamaly özem. Ölsün. Owalam näçe jan alandyr, belli däl. Açlykdan, suwsuzlykdan ölmegiň nähili ejir, nähili ezýet berýäni, goý, olaram duýsun...
Zalymlar üçin ýaşasyn jähennem! Ämin!
#Ahmet Gurbanmyradow.
05.07.2023ý.