wselennayaa
31.10.2023 08:32

...(Aslynda obadan Begenjiň agasy gelmelidi. Ony öňem görmändim, toýda-da görmedim.) "Şoldur" diýip, ýaşmagymy agzyma alanymam şoldy welin, haýady açan adamy görüp başyma apy tupan turdy. Işikde edil Begenje meňzeş oglan durdy. Begenjiň öýdeligini bilmesem Begenç öýderdim. Edil şol wagtam gaýynenem öýden çykyp, " Begençjan, oglum! geldiňmi?! diýip ony gujaklady. Öz ýanymdan: "O nähili?! Begenç öýdä diýenimem şoldy welin, öýden Begenç çykyp kümä girip gitdi. Yzyndan ejesi "Daýanç oglum, ajygan bolsaň aşhžna bar. Nahar bereýin" diýdi. Menem doňňara daş ýaly bolup, bu ýadaýa düşünmäne çalyşýardym. Özümi göni ýere berdim. Biri maňa ähli zady düşündirmese bolýan zatnara düşünmämne gurbatym çatjak däldi. Işikdäki oglan ýanyma gelenem şol, oňa üns berdim. Eliniň bir ýerinde haly bolmalydy. Gözüme şol hal düşdi. Ol meniň söýüp saýlan oglanym. Görüp:

-Begenç d/p, ýüzüne gaharly hem öýkeli seretdim. Ýuwaşlyk b/nem Nämeler bolýar?

+Läläm bagyşla meni! Beýle bolar öýütmedim. Men saňa bolan söýgim çyndy. Ejem size gudaçylyga gidende, \"Meniň üçin\" d/pdi. Toýa bir aý galanda hem, maňa ähli zady aýytdylar. Meniň doganym lal, biz ekiz Läle! Ony öýerip blmdk. Ejemem \"Läläni Daýanja almasak, özümi kast ederin\" diýdi. Hakykatdan hem kasat etýärdi. Soňky demde ýetişdim. Bilýäň-ä sen meň ejeme nähili baglydygymy.

Ýakasyna nädip ýapyşanym bilmän galdym.

-Nämeee?! \" Söýgim çyndymy\" diýdiň.Heý sizde söýmek aňyrda dursun, özüňzden özgä söýmäge ýürek barmy?! Sen bir duranja namart, sözünde wadasynda hatda durmuşy üçin sözi ýöremeýän bihepbe. Senem maşgalaňam diňe özüni bilýän zannyýamanlar.

+Näme diýseňem hakyň bar-d/p, elimi tutjak bolly. Elimi başga ýana serpip:

-Degme degäýme utançsyz- d/p, ylgap, öz jaýyma girip gitdm.

Indiden soň durmuşym näme bolmalydy?! Oýlanynam jogap çözüp blmk. Allanyp gelin edildim. Ýatsam tursam beýle pikir bolanokdy. Aglamakdanam peýda ýok, diňe özüňi harlamak.

Ýagdaýy agyrrajyk bolsa-da derrew ejeme jaň etdim.Çagyrýar, çagyrýar... alanok. Öýe jaň etsemem şeýle, jogap berýän ýok. Edil şol wagtam gelinejem jaň etdi:

-Alo, gelineje tüýs wag...

-Alo, Läle kakaňy gyssagly hassahana ýerleşdirdik. Lukman \"Ýagdaýy gaty agyr\" diýýär ýetişdigiňden gel. Bu habaram eşidip gözümden ot çykdy...

Türkmenbaşa ugradym. Gelsem kakamyň ýagdaýy juda agyr, öýdäkilerem öwerlikli däldi. Men derdimi aýytsam bular beter özlerini harlajakdy. \"Ähli zat gowy\" d/p bildirmezlige çalyşdym.

Üç günden soň, gaýyn öýüm bir ýerlerden eşidipdirler. Gaýynymdagy gaýdypdy. Olary görüp kakamyň ýagdaýyny görüp koşeşen ýaram täzeden duzlandy... Gahardan gözlerim hanasyndan çykaýjak boldy. Birdenem ejeme gözüm düşdi. Ol zatdan habary bolmansoň, gözün alardyp seretýärdi...

-Gyzym d/p Daýanjyň daýzasy gep goşdy. Sessizje indiki zatlaryny diňleýärdim.

-Kakaňa-da baş saglygyn dileýän. Sag aman araňyza sagat jany b/n barsyn.

Ýüzüne gaharly seredip pyşyrdap gürledim:

+ Size muny dilemäne, ýürek bir barmy?

-Gyzym senem bize düşün. Sen ýaly gyzy Daýanja alyp bermesek ol durmuşda örän kösenjek.

+Menem şo-ol oturan aýalyň gyz-a. Menem biriniň çagasy.

-Wah bilý...

+Gaýrat ediň indiden goh çykarmajak bolsaňz, gidiň ýanymdan.

Sesin çykarman ýanymda oturdy. Gitjegem bolmady...

Sesimi çykarman gaharly gözlerimi gaýga süzdüm....

Gaýynymdagy \"Kakasy gowlanýança galsyn\" d/p meni goýup gitdiler.

Kakamam gün-günden ýagdaýy agyrlaşýardy. Lukman eýýäm bir hepde möhletini beripdi. Diýişi ýaly hem eziz kyblamy, jiger pendimi gara ýere duwladyk... \"Kyrkyna çenli gidiber, täze gelin bolup bärde gezip ýörme. Il gün näme diýer. Çiledenem, çykaňok\" d/p ejem gaýynlarym b/n meni şol zannyýamanlaryň öýüne ugratdy...

dowamy bar...

22
150
yurek
31 Oktýabr 2023
wselennayaa
31 Oktýabr 2023
🤞
yurek
31 Oktýabr 2023
@gül🥀_, bolya bolya bosrak wagtym giryan su hekayany okayyn dp gozleyan yok ya bar okayan yene gutaranok dowamy bar ... Boldu son bolsa garasmaly yuregim ezilip gitdi😑
yurek
31 Oktýabr 2023
Okasym gelya sunun dowamyny
yurek
31 Oktýabr 2023
In erwet zat ayal masgalanyn duygularyny oynamak.
yurek
31 Oktýabr 2023
Dowamyny goyyaynda hayys
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.