altyyeva
31.10.2023 00:49

“Aeroport...”...

Näme üçindir bu söz, aňynda aram-aram öz-özünden gaýtalanýar.

Hamana, ol özüniň şu wagtky duran, garynja hinine çalymdaş adamhanasynyň niredigini, nämedigini, nähilidigini, nädipdigini, nämüçindigini... bilmeýän ýaly.

Içinde oturan kimdir – geçiň öň aýagy, ýuwulmadyk çemçe, sygmajak ýerine sokulýan – süwümsiz birem, oňa ägirt uly ilgeziklik bilen şony öwran-öwran ýatladýan mysaly.


***


“Aeroport...”...

Ýüregi gysýar.

Ýaman erbet.

Ýogsa, heniz bolan zat ýok.

Nijema sagat mundan ozal öz ilinden iňläp göge galan uçardan, bigäne ýurda gelip düşeni ýaňy – heniz hiç zat bolmaga-da ýetişenok.

(Estagpurulla! Bolmawersinem hernä... “Мысль материальна” diýýäler. Şonuň ýaly erbet zatlary boldurjak bolsa, şeýle myýyslynyňam depesine meýdan edilsin, matyryýalnysynyňam).


***


“Aeroport...”...

Ýadyrgaýar.

Ýanyndaky ýoldaşy nämedir bir zatlary almagamy, düzetmägemi gitdi.

“Heh. Ýurdy belet çapar”.

Olam goş garawuly.

Sebäbi bu nätanyş jelegaýlara ilkinji gezek toýnagy düşýändigi zerarly, onuň başga derde ýararlygy ýok.

Belki, şu pille gapdalynda hatda hemrasynyňam ýoklugyndandyr – ol hasam ýekesiräýer.

Edil, adamdan ýaňa mygylly “Jygyllykda”, enesini ýitiren gögele deý, delminip töweregine garanjaklaýar.

Çar ýanyndanam ýat adamlar ibirt-de zibirt.

Hemmesiniňem biri-birinden ary köýen ýaly.

Ýüzlerinden iki halta daş asylgy.

Ýa, şu wagt mähnet aýna diwarlardan görünýän, ýüzüne jimirsewük ýagyş perdesi tutulan daşarynyň çytyk howasy, bularyňam keşplerinedir kalplaryna ömürbaky ornaşyp galaýdymyka?

Ýa-da, bularyň bar bolup bilşimi şü?


***


“Aeroport...”...

Belki, şu ýalňyz pursatynda ýüregi özi ýaly bir ynsanyň ýylylygyny küýsändir.

Belki-de, bu sypatlary başbitin keseki bolsa-da, töwereginden geçişip gidýänleriňem özi dek siňirdir-süýekden ybarat ynsanlardygyna özüni ynandyrmak höwesinde, janyny barlap göresi gelendir.

Geçip barýanlaryň birinden sagat sorady.

Ol ýeke pursatlyk gadam urşunam haýallatmady.

Göýä, özüne ýüzlenen adam bolmag-a beýle-de dursun, hamana boş ýer ýaly, oňa “barmysyňam” diýmän, jyňkynam çykarman, terzinem üýtgetmän, öz ugruna geçdi ötägitdi.

“Seňňňňemmmmir ijjjjeňňňňi...”.

Içinden diýlen bu jümle bilen bir demde, dişleri öz-özünden gyjyrdap owranýana meňzedi.

Ýöne, her niçigem bolsa, atdanlykda içinden diýlenini daşyndanam gaýtalap goýbermek islemedi. Şonuň üçinem goş-golamyny injigine ýabşyryp, söm-saýak duran ýerinden gözüni ýumdy. Uly-uludan dört-bäş gaýta dem aldy.


***


“Aeroport...”...

Näme üçindir hut şu pille, şu özge ýurduň mährewsiz äpet, dumly-duşy aýnadyr birsyhly ýylmanaklyk bolup duran binasynda, aýaly, çagalary, obasy, il-güni, çagalygynyň çagylly-tozanly köçeleri... ýadyna düşdi.

Özem, göwnüne bolmasa, olaryň her biri – hatda, mundan öň öz obadaşlarynyň, tanyşlarynyň içinde iň halamaýany, görse ýeňsedamary taýak bolýanyna çenli – şeýlebir mähriban, hoşgylaw, ýakymly bolup göründi.

“Bäh! Şoň ýaly mähriban adamlaň arasyny terk edibem nirelerde näme işläp ýörün-aý men mahaw...” diýene çalymdaş pikirem däl-de, gam-gussaly, lapykeç, ökünçli duýgy gursagyny doldurdy.

Dessine-de şu giden keseki köpçüligiň orruk-ortarasynda, gözüne ýaş aýlap, masgara bolmazlyk üçin, bu duýgy-pikirinden haýdan-haý ünsüni sowmaga dyrjaşdy.


***


Näme üçin adamlar birek-birege şo derejede bigäne, dynnym ýalyjagam şepagatsyz sowuklaçka?!

Näme, kimdir biri beýlekisiniň hakyny iýdimi?

Ýa biriniň beýlekiden segsen sekiz asyrlyk, gadym ary köýüp ýatyrmy?

Hemmäňem-ä ryzkyny, ykbalyny Ýokarkyň özi berýär.

Hatda özgäňkini: “gaňryp alaýyn, aldap alaýyn, ogurlap alaýyn...” diýip dyzap ýatanyňda-da, hatda “alandyryn” öýdüp, heşelle kakyplar, Disneýiň multigindäki Skruja dönüp, günde irden tylla teňňelere çümüp-çykyp, “suwa düşeňde-de”, her kese diňe nesibesindäki nesip edýär ahyry.

Öl!

Ýit!

Çabalan!

Urun!

Özüňem gaýgyrma!

Özgelerem.

Näme etseň et!

Ýan!

Biş!

Tüte!

Barybir diňe nesibäňden artygy seniň üçin ýapyg-a.

Urdum-şalyk edip, isle baýlyk, ha şöhrat, ha häkimlik... nämäni näçe toplanyňda-da, nesibäňden artygynyň hojaýyny bolmag-a baýaky, aňrybaşy bolup biläýseň, “öz zadyň garawuly” bolmagyň hötdesinden gelýäň.

Olam belli bir möhlete çenli.

Emma biz şujagaz hakykata-da düşünemzok.

Düşünjegem bolamzok.

Düşünmegem islämzok.

Oňa düşünmek bize geregem däl...

...ýaly...

Şujagaz “şujagazlyga” düşünmezligimizem bizi iýýär, gemirýär-de, birew-birewiň öňünde tumşugymyzy ho-o-l dik asmandan asyp, özümizden haýsydyr bir nämedir bir zatlary ýasan bolup ýaşamaga mejbur edýär.

Nämekäm öýdýäs özümize.

Kimmikäm hasap edýäs.

Haý günümize ýanaýynyň-aý çagajyklary...


***


“Aeroport...”...

Onuň hut şu pursat, şu demde – birje sekunt eýlägem däl, beýlägem – birzatlar, birzatlar ýazasy geldi.

Şol duran-duran ýerinde aşak çökäge-de, atam döwründe sowgat berlen köneje smartfonuny açyp.

Körmüş gözlerini onuň ýarty şapbat göwrümli ekranjygyna jüýjerdip.

Mähnet aýna diwarlaryň daşynda, çisňeýän sowuk ýagmyrdan dokalan bimähremlik nikabyny ýüzüne örtüp, özüne jinnek ýalyjagam garaşmaýan, özüni dynnym ýalyjagam garşylamaýan dünýänem, töwerek-daşyndaky keseki erew-berewligem kellesinden zyňyp.

Ýazsa.

Ýazsa.

Ýazsa...

Ýöne...

Gursagy ýadyrgamakdyr lapykeç tukatlykdan doly şu müddetde näme hakda ýazmaly?

Şu bigäne ýurduň bigäne howa menzili hakdamy?

Ýa-da, onuň içini doldurýan bigänelikden dokalan dek köňülleri buz kibi sop-sowuk, ýat ynsanlar baradamy?

...Ýaňyja bir ýatlamalardyr oýlanmalara, ýazmak höwesine ünsi sowlup, kükregini eýelän ýalňyzlygy azajygam bolsa huşundan çykaran onuň göwnünde, ýene-de gam-gussaly göwnüçökgünlik galkyndy.

Bu giden bigäneligiň içinde ýeke hemdemi – ýoldaşam gelmän geçdi.

“Şumada çen eglenip, nirä ýok bolduka?” diýip oýlandy-da, ol töweregine ýaltaklap ugrady.

Gözýeterinde ýoldaşynyň tanyş sudury gözüne kaklyşmady.

Hasam ýüregi gysdy.

Özi, hamana, adamdan hümer ymaratda duran dälmiş-de, çar ýana-ha iňlär siňeksiz çöl-beýewanmyş.

Özem şeýlebir ýalňyzmyş, şeýlebir ýalňyzmyş welin, onuň ýalňyzlygyna biri-birinden millionlarça ýagtylyk ýyly daşlykda, Älem giňişliginiň tükeniksiz tümlüginde gaýyp ýören ýyldyzlaram haýpy gelip, gözýaş edýärmiş.


***


“Aeroport...”...

Yzyna, öz ýurduna uçýan ilkinji uçara petek satyn alaga-da, heniz gelen yzam sowap ýetişmänkä öýüne uçup gaýdyberesi geldi.

Eger-walla, çypbakaý-çyny, eger-de şu mahal ýanyndaky her teňňes-ä sanalgy, yzynda-da bergisi başyndan agdyk bolmadyk bolsady – bir minudam säginjek däldi.

Ýöne, pul...

Adamzady öldürýänem pul, güldürýänem.

Iň soňunda adamlaň adamlygynyň başyna ýetjegem şol bolar.

Äý.

Beýdip, gümansyradan bolup, iň bolmanda öz öňüňde bir, ikiýüzli sypaýysyrap oturman, dogrujaňdan gelip aýtsaň: “eýýäm ynsanlygyň başyna ýetdi” diýseňem boljak-laý.

Ýa-da: “az galdy”...

“Ýaman az”...


***


“Aeroport...”...

Birdenem, kimdir biri egnine kakdy.

Ol oslagsyzlykdan ýaňa çala tisginip, arkan öwrülende ýoldaşyny gördi.

Elinde iki sany döner bilen nolbäşlik pepsi düpbejikleri.

Sesini çykarman soragly seretdi.

Ýöne dili gürlemese-de gözi “dillendi”:

“Ugraýasmy?”.

Hemdemi onuň sessiz sowalyny jogapsyz goýmady:

-Häzir daşyna çykyp taksi tutarys. Ilki bir gäwüşäli. “Garny doka bela ýok” diýlipdir dämi, agam?!-diýdi-de dönerdir-içgiň hersinden birini uzatdy.

Çete çekildiler.

Garaşylýançy oturgyçlaryň boşlaw künjegine çökdüler.

Garbanmaga başladylar.

Etli çörekden aňyrsyna birneme il gonupmy ýa-da arasynda owurtlaýan içgisi nepesini durlapmy, ýüregini mynçgalaýan tukatlyk azak-tenek köşeşip ugrady.

Hälden bäri kellesinde eşidilýän sözem öňküsi ýaly gamgyn lapykeçlige eýlenen däldi.

Her näme diýseňem...

...“Aeroport...”...

17
102
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.