kays
31.10.2023 00:19

Rowaýat etmeklerine görä, Bir adam düýş görüp ýatyrdy welin düýşünde bir Adam bir keýigi görüp, ony tutup iýmegiň hyýalyna düşýär we keýigi tutmaga az salym galanda bir Gaplaň gelip adamy iýýär. Keýik gaçyp gitýär, beýlede ýene bir adam bolan wakalary synlap dursada olam keýigi tutmagyň küýüne düşýär. Ýetdim ýetdim diýeninde onuda Gaplaň tutup iýýär, Keýik gaçyp gitýär beýleräkde ýene bir Adam bolan wakalary gözleri bilen görüp dursada beýleki adamlardan özüni has ýyndam saýýarmy nämemi olda Keýigi kowmana başlaýar we ýene Gaplaň ony tutýar! Şeýdip düýşümde şu ýagdaý gaýtalandy durdy 100 e golaý adam Keýigi kowýar tutup ýetişmänkä Gaplaň yzyndan ýetýär. Ahyry durup bilmän Gaplaňdan soradym bu nämäniň alamaty ?! Şonda Gaplaň maňa jogap berdi.Bilseň ynsana Ynsan Keýigem dünýä, mende Ezraýyl! Adam dünýäni tutdum tutdum diýip yzyndan kowsada men yzyndan ýetip janyny alýan. Beýleki Adamlar ähli zady görüp bilip elleri bilen jaýlap gelselerde özleri ölmejek ýaly ýenede dünýäni kowmagyň küýüne düşýär, mende arzuwlaryna ýetmänkä janyny alýan diýdi. Rowaýatdan özüňize gerek sapagy alarsyňyz diýip umyt etýän!



Adam öz döşüne kakyp: «Men» diýer,


Jübüsinde töňňe böküp: «Men» diýer.


Ind-ä bar işimi düzetdim diýse,


Ölümem bir ýerden çykyp: «Men» diýer.

32
179
kays
31 Oktýabr 2023
@0878, höwesjeň😇
kays
31 Oktýabr 2023
@hommadowa, gowy menem Hudaýa şükür. 😊
kays
31 Oktýabr 2023
@hommadowa, salam gowmy ?
kays
31 Oktýabr 2023
@geldiyevna, sps sizede ýetirsin aýýý ýuwaşyrak 🙄😳
kays
31 Oktýabr 2023
@guldesse, sagboluň köp köp 🙂🌹
kays
31 Oktýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, sps guliýa 😇🌹
kays
31 Oktýabr 2023
@12445, sagboluň sizem 😉🌹
kays
31 Oktýabr 2023
@Miss_Minnosh❤️, sps 🌹🌹🌹
Miss_Minnosh❤️
31 Oktýabr 2023
@kays, 🥳🥳🥳
Miss_Minnosh❤️
31 Oktýabr 2023
Derejan bn gutlayan dowamly bolsun😊
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.