bellidal
30.10.2023 21:54

Aýyrma


Dünýäñ howasyndan dem alyp ýörkäñ

Baş baýlygym Jan saglykdan aýyrma

Asuda aý dogup gün ýaşyp durka

Deñ duşdan õñ bu barlykdan aýyrma


Toý ýasyñda aglamana gülmäne

Agyr günde gülip gujak germäne

Gerek bolsa Jan alyp Jan bermäne

Sarsmaz galam doganymdan aýyrma


Garyp wagtym duman etme ýolumy

Barly wagty gurşun eýle pãlimi

Tämiz saklap gursagymyñ törüni

IL içinde hiç abraýdan aýyrma


Dünýäñ kanunyny ýöreder ýaly

Özúñden ýadygär döreder ýaly

Kalbymda päk söýgä ýer eder ýaly

Şirin dilli söwer ýardan aýyrma


Garramda ýogumy ýetirer ýaly

Barlygyna guwanyp oturar ýaly

Ölemde tabydym göterer ýaly

Barlygymdan perzendimden aýyrma




Awtory: bilemok

21
87
eziz_annamov
31 Oktýabr 2023
Örän dogry👍👍👍
mandarin
30 Oktýabr 2023
Suratdaka yetip bilmeyanler bar
bellidal
30 Oktýabr 2023
tmyigit76
30 Oktýabr 2023
Surat 👍🏻👍🏻 manyly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.