kizz
30.10.2023 18:42

2 = 98


Beýni adam bedeniniň 2 göterimini eýeleýär, emma galan 98 göterimini dolandyrýar, şonuň ýaly hem bedene sorulýan kislorodyň 20 göterimini ýeke özi harçlaýar. Munuň şeýledigini nazarda tutup, beýnä gerek bolan kislorod mätäçligini gandyrmak üçin suwsamasak hem wagtal-wagtal suw içmek, dogry dem almak wajypdyr.


Bedene sorulyp alynýan kislorod burundan girip, gan ýoly bilen beýnä ýetýär. Beýni kisloroda bagly bedendir, onuň öýjükleri kislorodsyz diňe 6-7 minut çydap biler.


Onuň agramy barada aýtsak: ýaňy dünýä gelen çaganyň beýnisiniň agramy 350-400 gram, uly adamlaryňky bolsa 1,4 kg-a golaýdyr. Daşky täsirlerden goranmasy üçin bolsa kelleçanagy bilen örtülendir.


Bilşimiz ýaly, beýni sag we çep ýarymşarlaryndan ybarat bolup, sag ýarymşary hyýal etmek, aýdym-saz hem-de sungat eserlerini döretmekde, çep ýarymşary bolsa okamak we ýazmak meselesinde, matematiki aňlatmalary çözmegimizde, wakalaryň beýnide seljerilmeginde bizi goldaýar.


Beýnimizde 100 milliarda golaý neýronlar, ýagny nerwi öýjükleri bar. Olar biri-birleri bilen ýakyn baglanyşykda bolup duýgy we düşünjelerimizi emele getirýärler. Täze zatlary öwrenmäge meýilli bolmagymyz, öň gidilmedik ýerlere gidip görmegimiz,


dürli kitaplary okamagymyz, özümizde bar bolan ukyp-başarnyklarymyzyň üstüni açyp, ösdürmegimiz, dürli kitaplary okamagymyz, özümizde bar bolan ukyp-başarnyklarymyzyň üstüni açyp, ösdürmegimiz şol neýronlaryň arasyndaky baglanyşygyň artmagyna belli bir derejede täsirini ýetirip, beýni güýjüni ýiteldýär. Şol zatlaryň gaýtalanyp durmagy beýnini ýadadýar.


Beýnä has köp täsiri bolan duýgy bedeni gözdür. Görmek bilen baglanyşykly nerwi öýjükleri beýnide beýlekilere garanyňda has köp orun eýeleýär. Şonuň bilen baglylykda diňlemek arkaly kabul edilen maglumatyň 10 göterimini ýatda saklaýan bolsak, görmek arkaly kabul edilen maglumatyň 65 göterimini ýatda saklap bilýäris. Täze tanyş bolan adamlarymyzyň atlaryny unutsak-da, olaryň ýüz keşbiniň ýadymyzda galmagy munuň netijesidir.


Maglumatyň beýnide uzak möhletli saklanmagy üçin ukynyň zerurlygy hem ýokarydyr. Çagalaryň we ýetginjekleriň öwrenmek meselesinde has işjeňligi sebäpli olar uka köp mätäçlik çekýärler.

21
225
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@mawy, elbetde
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@mawy, hawa ýerne düşdi 😂
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@mawy, hawa senden garaşyp otyrd 😁
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@kizz, Şükür Alla
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@kizz, Gowmysuňyz.
tmyigit76
1 Noýabr 2023
@mawy, giç diýjekdim. (Elbetde duzlu jogaba garaşyp durdym 😁😁😂)
tmyigit76
1 Noýabr 2023
Goç ýagşy
tmyigit76
30 Oktýabr 2023
Gazetde ýa başga. Bir ýerdä okapdym. Gowy post 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.