altyyeva
30.10.2023 15:59

Öňler bir işi bitirmejek bolsaň maslahatlaşmaly diýýädim. Sebäbi birine “Pylan zat edäýsem diýýän” diýdigiň, derrew ters gepler tapyp başlar. “Aý, ýalňyşaýmasaň, birden beýleligine öwrülip durberse nätjek?” diýip ugrar. Senem onsoň “Dogrudanam ýalňyşýan bolaýmaýyn” diýip ýaýdanyp ugraýaň. Magtymguly, ýalňyşmasam Göroglyda-da gaýtalanýar öýdýän, “Endişeli iş bitirmez, meýdanda däli bolmasa” diýýä. “Däli bolmasa” diýildigi, akylyňy diňleme diýilen ýaly eşdilýär. Üns berseňiz, akylly adamlar bir iş etjek bolsalar, gaty çekinjeň bolýalar. Akylly adamlar menden öýkelemesinler, “Sag sagynyça däli ogluny iki öýerer” bolýan ýeri durmuşda kändir. “Töwekgeliň işini taňry oňaram” diýilýär. Ýöne arapçada “töwekgül” Alla bil baglamak. Türkmenlerimiziň töwekgeli biraz “Degene gözüm menden däliräk” ýaly. Şu nakyllaram, dogrusy, başyňy çaşyryp barýa. Töwekgeliň işini taňry oňarýan bolsa, endişeli iş bitirmeýän bolsa, onda “Ýedi ölçäp bir kes”, “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýilýär — muňa nähili düşünjek? Ýa nakyllardanam göwnüňe ýaranyny, özüňe bähbitlisini saýlabermelimikä? Gürrüňimiň başynda kän maslahaty halamaýanymy aýdypdym. Sebäbi şu wagta çenli eden gowy, dogry işlerimiň arasynda “Şeýtseň ýalňyşaýma” diýlen maslahaty diňlemän, “Hany görübereris-dä” diýip edenlerimem kän. Beý diýsem bir işi bitirjek bolsaňyz, maslahatlaşmaň diýdigim däl. Eger şu wagta çenli bir zatlar eden bolsam, hemmesini maslahat salman, maslahaty diňlemän etdim diýsem, ýalançy bolaryn. Isleseň-islemeseň uly işlerde maslahatlaşýaň. Sebäbi maslahatlaşmasaň howply, ýalňyşaýsaň, soň ony düzedip bilmezligiňem mümkin. Onda aralyk bir ýol saýlamalymyka? Käte maslahatlaş, käte-de maslahatlaşma. Obamyzda meşhur bir anekdot bar. Biri sygryny öldürjek bolýar-da Dolow aga diýip bir ýaşula: “Sen kän ýyl sygyr bakan adam, gel bilip bersene, şu sygrym bogazmy ýa gysyrmy?” diýýär. Dolow aga-da sygryň bir eýlesine geçýär, bir beýlesine geçýär, gaşlaryny çytyp üns bilen synlap başlaýar. Sygyr eýesem oň hereketlerini sypdyrman, agzyny açyp, seredip durmyş. Ahyry esli wagtdan soň Dolow aga ýüzünem üýtgetmän: “Aý, bu sygyr ýa bogazdyr ýa gysyrdyr” diýipdir. Dolow agaňky ýaly menem: Durmuşda maslahatlaşmalydyram, maslahatlaşmaly däldirem diýäýsemmikäm? Risksiz, päsgelçiliksiz aňsat, boljagy görnüp duran işleriň-ä gymmatam şoň ýaly bolýar. Dükanda-da gowy zadyň, derek tutjak harydyň bahasy gymmat. Göwnüme bolmasa, maslahatlaşmak gowy zat welin, adamyň içinde höwes, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk, gaýrat diýen ýaly häsiýetler bolmalymyka diýýän. Maslahatlaşyp-maslahatlaşyp kemini goýman, soňam netijesinden gorkup dursaň iş bitmeýä. Men bir üýtgeşik açyş edemok, hemmämiziň bilýän zadymyz, ýöne tutanýerli, hyjuwly, gaýduwsyz adamlarda bir kemçilige köp duş geldim. Beýle adamlar köplenç diňe öz akyllaryna daýanýalar. Hiç kimiň ýanynda etsem-petsemem diýmeýäler. Etjegi içinde diýsem-ä edil dogry bolanok welin, eger maslahatlaşaýsa, biriniň ýanynda agzaýsa şol işi bitmejek ýaly görýänlerem bar. Bilmedim, “Dostdan kän duşman baram” diýýäler. Şu ýerde esasy aýdasym gelýän zatdan başgaragam bolsa, ýeri geldi aýdaýyn. Aýtjak bolýanym duşman meselesi. Men duşmanymyň bardygyna çynym bilen ynanyp bilemok. Dogry, bir ulurak iş etseň, gözigidýän, bahyllyk etjek bolýan tapylýar, ýöne olara duşman diýesim gelenok. Bahyllyk, görüplik bular ýöne adamyň ejizligimikä diýýän. Umuman alaňda gowy iş edip bilseň, göribem içinden seň şol işi bitireniňe begenýämikä diýýän. Hatda ol adam bu begenjini özündenem gizläp biler, ýöne edilen gowy işe begenmek adamyň zandynda bar bolsa gerek. Onsoň duşman diýip, ýene bir topar zatlary göwnüňe getirip, howsala düşüp ýörmek, was-wasa düşmek gaty ýalňyş. Şeýle pikirlere ynanmak duşmanyňdanam erbetmikä diýýän. Gowy görýän bir sözüm bar “Göwni açygyň ýoly açyk” diýýäler. Men-ä şoňa ynanýan. Ýogsa, göwniaçyklykdan zyýana galan gezeklerimem boldy.


Şu ýerde ýene bir degişme diýseňem bolýa bir bolan zady aýdyp bereýin. Ahmet Gurbannepesow diýip bir gowy şahyr bardy. Ol ýetim ulalyp, ýetginjek ýyllary çopana çoluk bolupdyr. Ahmet aga gürrüň bererdi. “Bir gün ýagyş damjyklaýa, welin, çopana “Pylan aga ýagyş ýagjak bolýa” diýsem çopan gara çyny bilen, edip oturan işinden ýüzünem galdyrman “Degme, ýagsyn” diýýä. Hamala men ýagyşa degäýjek, ony ýagdyrman durberjek ýaly” diýip loh-loh edip gülerdi. Menem “Degme, göwni açyklygym üçin kä ýarym köseneýin, göwnüm açyk bolsa bolýa” diýýän. Göwni açyklyk gowy zad-a, gowy zadyň bahasynyň gymmadrak bolmagam geň däl.


Maslahat meselesinde, kimden maslahat soramaly, kimden soramaly däl, şo hakda-da ilki pikirlenmelimikä diýýän. Kakamyň ejeme “Bilmeýän zadyňa maslahat berme” diýip käýinşi ýadyma düşýär. Adam diýilen köplenç maslahat bermäni gowy görýä. Bilse-bilmese bir zatlar aýdyp galýar. Bilemok diýmäni kyn görýär. Bilmezligi uly aýp hasaplaýar. Dogry, näçe köp bilseň, belki, gowydyram, ýöne hemme zady bilmek, maslahat berip biljek derejede baş çykarmak mümkin däldir-ä. Iki ikiň dörtdügini bilmeseň geňiräk, ýöne samolýot sürüp bilmeseň geň däl. Edil şoň ýaly, bilmeýän adama maslahat salmagam ýalňyş. Maslahat soraýanyň seni özüne konkurent, basdaş saýyp, dogrusyny aýtman biler. Bu eýýäm ol adamyň öz meselesi, sen sora, maslahatyny diňle. Saňa aýdylany köre-kör ýerine ýetir diýýän ýog-a. Oňarsaň ýene birine sala sal, bolmasa öz paýhasyňda öwür. Bir işi başlamaňkaň maslahat edip, gowy bişirseň, hiç wagtam zyýany degmeýär. Mümkin şu günki bitiräýmeli işiňi birki gün giç bitirersiň, ýöne boljak iş bolansoň, howlukmaly däl ekenim diýip ökünmeýäň. Maslahat diýmek bir adamy üns bilen diňlemek. Başga birini diňlemegi halamaýan adamlar köplenç özüne aşa göwni ýetýänler bolýar ýa-da adamlara göwni ýetmeýänler şeýle. Muň ikisiniňem ýalňyşdygy köre hasa. Ýene bir ýagdaýy aýdaýyn: kä adamlar maslahat bermäge çekinjeň bolýalar. Ýogsa özlerine maslahat berseň höwes bilen diňleýälerem. Muňa özboluşly gysgançlyk diýjegimem bilemok. Beýle häsiýetli adamlaryň üç görnüşine duş geldim. Birinjisi içinden “Men maslahat bersem, olam aýdanymy edip zyýana galaýsa, menden görer, Pylanyny diňledim-dä diýer” diýýä. Ikinjisi: “Men maslahat bersem, olam ters bolup çyksa, özüm ondan beter gynanaryn” diýýä. Üçünjisi hiç zadam diýenok. Ol seň aladaňa şeýle bir biparh, ol dünýe topugyndan diýilýänlerden. Elbet, biparh adamdan, maslahat berende seresaplyk edýän adam ýagşyrak. Biparh özüne-de biparh bolunjakdygyna akyly ýetmeýärmikä ýa şoňa-da biparhmyka? Kä kişi diňlense-diňlenmese-de maslahat berer, bir zatlar diýer. Kakam Gökdepe galasynyň şehitleriniň biri Hanmämmet Atalygyň bir sözüni ýatlardy. Pahyr özi ýaly bäş-üç sany serdar bilen gaça uruş etmegiň, galada ýygnanmazlygyň tarapdary bolupdyr. Ýöne köpçülik muny diňlemändir. Şonda biri: “Hanmämmet, alsaň bir maslahat berjek” diýipdir. Serdaryňam gahary depesine urup duran wagty: “Gaby bilen berseň alaýyn” diýip jogap beripdir. Ýaşyrak bolamyzsoň “gaby bilen” diýildiginiň manysyna birbada düşünmezdik. Kakam “kelläň bilen bile berseň alaýyn maslahatyňy” diýdigi diýip düşündirerdi. Gürrüňi mundan artyk uzatmayyn.


Hydyr Amangeldi

16
77
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.