Aktýoryň ugurtapyjylygy
Beýik italýan aktýory Tommazo Salwini uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Onuň her bir oýnaýan keşbine tomaşaçylar sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Ol şan-şöhratynyň Arşa göteilen döwründe Şekspiriň «Otellosynda» Otellonyň keşbini ýerine yetirmeli bolupdyr. Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi ýurtda uly waka öwrülýär. Tommazo bedenini gowy grimläp, gara reñke boýapdyr. Ak eşik, gara beden tomaşaçylaryň gözüne üýtgeşik görnüpdir. Ýöne gara Otellanyň elleri ak bolupdyr. Muny gören tomaşaçylaryň arasyna gozgalaň düşýär. Beýik aktýor ellerini reñklemegi unudypdyr. Emma Tommazo Salwininiň azaryna hem bolman, önküsinden-de joşgunly oýnap başlapdyr. Bu ahwal ikinji bölüme çenli dowam edipdir.
Ikinji bölüm başlanýar. Otellonyň elleri bolsa önküsi ýaly ak. Sabyr käsesi dolan tomaşaçylaryň käbiri seslenýär. Tommazo göwnübir ýaly oýun bilen başagaý. Ahyry tomaşaçylar köşeşýärler. Amatly pursadyň gelendigini duýan Tommazo Dezdemonanyň elinden tutup, sahnanyň önüne gelýär. Şol ýerde
söýgülisi bilen mesawy gürrüň edip durşuna howlukman, akja elligini çykarýar. Tomaşaçylar onuň gara ellerini görüp, şowhun bilen el çarpýarlar
Şeýdip ol ikinji bölümde ak ellik geýip, birinji bölümdäki ýalňyşlygyň üstüni ýapýar. Muny diňe zalda oturanlar däl, Tommazo bilen bile oýnan artistler hem duýmandyrlar. Hatda teatr tankytçylary hem iki bölümde-de aktýor eli elikli oýnandyr öydüpdirler. Olar meşhur artistiň ugurtapyjylygyna haýran galypdyrlar.