Kofe iñ meşhur içgi bolup, ol dünýäde sarp edilýän içgileriñ arasynda birinji orny eyeleýär.Rowaýata görä kofeni ilkinji bolup açyş eden geçiler diýip hasaplanylýar. IX sayrda ýaşap geçen efiopiýaly bir çopan bakyp ýören geçileriniñ goýy gyzyl reñkdäki dänejikleri iýip, çakdanaşa gujurly hem-de oyunçy bolýandyklaryna üns beripdir. Bu ýagdaýa haýran galan çopan däneleri çöpläp, ýerli ruhanylara eltip beripdir. Ruhanylar ondan şähdiñi açýan, gujur berýän täsin içgini taýýarlamyşlar.
Häzirki wagtda iñ köp kofe öndürýän ýurt braziliýadyr. Olar her ýyl 2,2 million tonnadan gowrak kofe öndürýärler.