altyyeva
30.10.2023 09:07

Bu dünýä tapmak dünýäsi.

Bu dünýä ýitirmek dünýäsi.

Bu dünýä, has takygy, tapmak bilen ýitirmegiň arasyndaky asyl-asyl bolup duran dünýä.

Tapmak dünýäsindäki iň lezzetli begenç tapmazlyk.

Ýitirmek dünýäsindäki iň uly gynanç tapmak.

Munuň tagamyny tapyp hem ýitirip görmedik kişi bilmez.

Adam ogly düşünjek bolup öz täleýine kössek salýar.

Adam öz bulaşdyran ykbal ýumagyny çözlemek bilen ber-başagaý bolup ömrüni geçirýär. Bu dünýä durşuna doly çözülmedik hem ömürylla çözülmejek ýumak, öz bulaşdyran ýumagyňy çözmäge adamyň ömri ýetenok. Adama mydama nämedir bir zat ýetenok. Täze gelen adam öz ýumagy bilen başagaý.

Ýumagyny bulaşdyryp bilmeseň, sendenem bir adam bolarmy!

Adam ogly bu dünýä ömrüni-ýumagyny bulaşdyrmak üçin gelýär. Gepletseň, onuň ynanjy başgadyr. Men ýumagy düzedip-çöşläp otyryn. Dünýä düzüw däl. Dünýäni düzetmeli! Olar Allanyň guran öýüni düzzetjek bolup ber-başagaýdyrlar. Hudaýyň öýüni, dünýäsini düzedeniňden, öz garyp külbäňi, öz garyp dünýäňi düzet ahyryn, eý Adamzat!...


Osman Öde " Tapagan " romanyndan biraz...

14
39
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.