Amerikaly psihologlaryň pikirine görä, bagtyň esasy açary ownujak zatlara şatlanmagy başarmak bolup durýar. Adamlary bagtyýar edýän esasy hereketleriň içinde, hünärmenler şu aşakdakylary hem belleýärler:
1.Bagtyýar pikirleriňi töwerekdäkiler bilen paýlaşmak.
2.Ýakymly ýatlamalary seljermek.
3.Içiňden öz-özüňi ýygy-ýygydan taryplap durmak.
4.Içki dünýäňde ýakymly duýgularda ünsüňi jemlemek.
5.Hemme zadyň bolup biläýmeginiň hem mümkin halyndan has gowulygy hakda oýlanmak.
6.Göwniňden turýan işiňe başyň bilen gümra bolmak.
7.Hatda o diýen bir bagtly bolmadyk pursatlaryňda-da bagtly bolan bolmaklyk.
8.Ömrüňdäki ähmiýetli pursatlary öz içiňden (baýram hökmünde) bellemek.
9.Eýmenç pikirleri, gorkudyr şübheleri dagytmak.
10.Mümkingadar, köpräk "sag bol!" aýtmak.