wselennayaa
29.10.2023 13:18

Ne "Turdyňmy" diýip, soramana adam geldi ne-de salamlaşdyrmak üçin alyp gitmäne adam.

Kürtede-de ýadapdym, çykaryp bir gyrada goýdum. Adaty öý eşikkeriniň birini geýip, ýaglyk b/n bürendim. Günortan golaýlady. Öýüň içine aýlanybersem gelşiksizdi. Çykalgasyz ýagdaýda boljak zatlara garaşmakdan başga alaç ýokdy.

Ahyram gapy açyldy. Ýaşynyp ,başymy aşak egip otyrdym. Begeç ýa ulurak birine garaşan bolsam, bir ýetişenje guzjagaz gelip, "Naharyň gelneje" diýip saçak ýazdy-da gitdi. Nahara-da hiç hili işdäm ýokdy. Düşen ýagdaýyma diňe aglaýardym "Wah eje, men nirelere düşdim beýle" diýip nalap-nalap göz ýaşymy dökdüm.

Iki sagatdan soň ýene-de şojagaz gyz gelip, saçagy ýygnap, alyp gitdi. "Iýmänsiňem" diýmedi, agşamlygam edil şeýle boldy. Men diňe dört diwaryň gyrasynda ýeke özüm aglaýardym. Meni ne eşiden bar, ne-de menden habar alýan.

Giýje barha golaýlaşýady. Asmanda ýyldyžlar ak patraga dönüp, altyn ýalagam parlaýardylar. Äpişgeden daşary seretsem, imisalalyk hiç kim ýok.

"Heý bir toý edersiňle, märeke ertesi günem bolmazmy?! diýip, gaýyn öýe käýinýärdim. Gapynyň açykjakdygyny duýdum.Derrew ýerime geçip oturdym. Begenç geldi. Begenji görüp näler begendim. Ýalňyzlyk, agyň içinde geçiren günüm onuň gelmesi b/n unudaýdym.

Arman Begenjiň eden herekedi, bu şatlygymam elimden alypdy.

Ol geldi-de, bir gyradaky duran sandygyň üstündäki düşegi alyp ýere ýazdy. Ýöne ol düşegem ýeke adamlykdy. Özüni ýere berip, uka gitdi. Onuň eden hereketini görüp, dilim tutuldy. Edil şol wagt näme edip näme goýjagymy bilemokdym. Ýer dyrmalap agladym. Aglabam ýatyp galypdyryn. Irden Begençden ir turdym. Entegem sabyr käsem püre pür dolmandy. Inniki etýän hereketkerine üns bermekdi.

Begenjem menden soň, kän eglenmän turdy. Düşegini öňki ýerine galdyryp daş çykdy. Ýuwunup gelipdir hemem eli saçakly. "Ertirlik etjek öýütýän" diýip, pikirlendim. Saçagyň başyna oturanam şoldy welin, menem baryp saçak başynda oturdym. Ses-Seda çykanok, öz bolşuna oturdy.

Käsäni "Çaý guýup beräý" diýen şekilinde uzatdym. Ýüzümede seretmedi. Arkaýyn hiç zat ýok ýaly iýip-içip otyr. Şol boluşuma, gözümden bir hünji gaçdy. Gahardanam çoýup durdym. Begenjiň meni görmezlikden gelşine jydap bolar ýaly däldi.

Elimdäki käsäni gaharyma ýere zyňdym. Halyň üsti bolansoň döwülmedi. Begenjem kellesini käsäň düşen ýerine öwürdi. Soňam "Näme etseň, şony et" diýýän şekilinde kellesini başga ýana sowup çaýyny içjek boldy. Gaharyma ýaňy bir agzyna ýetiren çaýly käsäni elim b/n kakyp goýberdim. Begenç ýene käsäniň düşen ýerine seredip, töwir galdyryp turmak b/n boldy. Halys iň soňunda bu sessizligi men pozdym:

-Begenç- diýip, agyly sesim gaharlandym. Olam ady tutulýana meňzeş däl, çykyp gidip barýardy. Gapa ýetmän-kä, onuň öňüni sakladym:

-Begenç, dogrym aýdaýyn. Şu bolýan zatlara näme diýip, näme goýjagymy bilemok. Akyl ýetirip bilemok. Hany bile etýän arzuwlarymyz? Hany sen meni ömürboýy bagytly etjekdiň-ä. Inni bu boluş näme. Ýa şeýle bela mende aryň galdymy. Näme eden bolsam bagyşla, bolmanda bu bolýan zatlaň sebäbini aýyt. Näme üçin beýle sen- diýip, aglap-aglap ýere çökdüm. Begenç aýdanlamy diňläp çykyp gitdi. Meniň indi hiç hili alajym ýokdy. "Kime aýdaýyn derdimi. Kim maňa kömek eder. Ejeme aýytsama ýaňy bardyň, eýýämden gepiň näme? diýip, ol maňa käýer. Gaýnyma aýyymtsamam ýaşmakly, Wiii ýoksa-da, toýdan soň hiç kim ýanyma gelmedi. Onda olaryňam Begenjiň meniň ýanyma gelmedigini bilýän bolmalylar. Ufffff, Allam! Nämeler bolýar?! diýip, öz-özüme nalynýardym.

Ýerimden turup, özüme timar berdim. Ýaşynyp daşarykk çykdym. Göresem gaýynenem bir ýerlerden gelýärdi. Meni gorüp: " Waý gelinjan" diýip gujaklady. Görünüşe görä, onuň zatdan habary bardy. Ýogsam " Bu çaka çenliä, çykman näme etdiň?" diýip, soramazdymy?!

Wagtam geçip durdy. Gaýynenemem öýüň içini, düzgünlerini öwredip, öýe öwrenşdirip başlady. Begenjiň bolsa şol boluşy. Gaýynym ol barada dil ýaranokdy. Menem inni onuň özüne görä bolup, barlygymy bildirtjek bolup gezemokdym. Şeýitdirip, toýdan soň bäş günimiz geçip gitdi.

Şol gün, ýazyň howasynyň boljakdygy bildirtýärdi. Howa şemally sowujagy bardy. Gögüň güpürdisi b/n hem ýagyşyň ýagjagy mese-mälim bolup durdy.

"Ýagyş ýagsa daşardaky eşikler ezilmesin" diýip, eşikleri ýygnamaga durdym. Ýagyşam guýup başlady. Howa garalyp başyňa ap-tupan turar diýen şekilde gögem örän gaty sesli güpürdeýärdi. Hakykatdan hem haýady açan adamy görüp, başyma apy-tupan turdy...

Dowamy bar...

23
223
bitanem
25 Dekabr 2023
Haýyş yzyny goýaýda
213318
30 Oktýabr 2023
Yzy yokmy
wselennayaa
30 Oktýabr 2023
,@Imissyou, minnetdar
wselennayaa
30 Oktýabr 2023
@Imissyou, Ýok kopiýa etman ýazdm🤞
wselennayaa
30 Oktýabr 2023
@Imissyou, Aý ýok okan eserlerimden
wselennayaa
30 Oktýabr 2023
@Imissyou, salam dogrusy okul bn başagaý bolup dowamyny goýup blmdm
0913
29 Oktýabr 2023
Dowamyna garasyan kanmika bu hekaya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.