(dowamy)
Biz biek-biregi hiç göremzok ahyry. Emma nädeýin, men sensiz ýaşap bilmerin.
-Has dogusy, meniň telefonymsyz diýseňiz-le-diýip, ol sözümi ýaňsa aldy.
–Emma, näme-de bolsa, sizden muny eşitmek ýakymly. Biziň söhbedimize ilkinji gezek gammalar päsgel berenokdy. Daň atyp, jahan ýagtylyp gelýärdi. Men birwagtlar sazçylyk mekdebinde okandygym üçinmi-nämemi, kelläme, ynha, şu meňzetmeler geldi: “Durmuşyň belentli-pesli gammalary, munuň özi ak we gara tutularyň, gündizleriň we gijeleriň, ýagty günleriňdir erbet tutuksy günleriň yzygiderliligi ýaly bir zatdyr...” Men:
-Sizi haçan görüp bilerin?-diýdim.
–Aslynda, görüşmäli diýip, dogry diýýäňiz. Bu yşk-söýginiň iň asylly görnüşidir. Birek-birege telefon arkaly ýakynlaşdyk. Bu hem aragatnaşygyň iň gowy görnüşleriniň biri. Ol:
-Birtaraplaýyn aragatnaşyk-diýdi. Siz maňa jaň edip bilýärsiňiz, a men bolsa ýok.
-Şonuň üçin hem men sizi görmeli. Aýdyň, nirede ýaşaýaňyz? Häziriň özünde ýetip baraýyn.Ol gussaly:
-Haýyş edýän-diýdi.
-Meni şatlykly duýgularymdan mahrum etmäň. Maňa, köplenç, teklip edýärler. Eger ýene şeýle diýseňiz, siz bilenem salamlaşmagy bes ederin. Ol biraz dymyp, soňra ýene-de sözüni dowam etdi:
-Bilýäňizmi näme, men soňky wagtlarda size juda öwrenişipdirin. Ynanaýyň, siz adamym wepat bolandan soň, ilkinji gezek meniň özüme ýakyn saýan, mährem adamymsyňyz.
*****Ýanwaryň ikisinde täze iş ýerimde işe başladym.Uzak gün kiçi-girim bolmadyk bir makalany redaktirläp, harp ýygyja eltip berdim-de:
-Ertire çenli taýýar bolsun-diýdim. Diwanhananyň öňünde işçileriň atlary we telefon belgileri ýazylan ullakan sanawnama asylgydy. Men oňa ýüzleý göz gezdirdim-de, hamala birden nätanyş jemendäniň içinde tanyş ýüze duşan ýaly bolup, tisginip gitdim.Kätipden:
-Welizada diýýänleri kim?-diýip soradym.Ol:
-Harp ýygyjymyz-diýdi.
–Hä, näme häzirjek oňa makalaňyzy tabşyryp gaýtdyňyzmy?Men penjireden daşary seretdim. Şol goýun gözli harp ýygyjy basgançaklardan düşüp gelýärdi. Belent ökjeler tyrk-tyrk edip seslenýärdi, bu şol 35 ölçegli köwşüň ökjeleriniň sesidi. Bu hut ertekä çalym edýärdi. Täleý bizi edarada birek-birege duşurdy. Emma ol bu barada hiç zat bilenokdy. Indi ol ýazuw enjamynda meniň beren makalamy ýazyp oturanynda, oňa makalany göçürtmek üçin gelen ýigidiň mendigimi hyýalyna-da getirmez. Emma ol meniň mendigimi bilýär, emma meniň oldugymy bilmeýär.Maňa özümi ele almak kyndy, bu täzeligi oňa diýseň aýdasym gelýärdi. Oňa awtomat telefondan jaň etdim, özem ilkinji gezek oňa ir bilen daň atmazdan jaň edişimdi. Emma telefon dymýardy. “Zyýany ýok. Gowusy, hemişeki wagtda jaň ederin, goý, oslagsyz sowgat bolsun” diýip oýlandym.Gije oňa jaň edip:
-Salam. Iki sagat öň size jaň etdim-diýdim.
-Näme üçin beýle ir? Men joramyňkydadym, olarda biraz işlemek isläpdim-diýip, ol geňirgendi.Men gülmekden zordan saklanyp:-O nähili iş?-diýip soradym.
-Ynha, ony öýe-de alyp gelmeli boldum. Täze müdirimiziň tabşyrygy.
-Täze müdir diýýäňmi?
-Hawa, bu gün redaksiýamyza täze bölüm müdiri geldi.
-Hä, şeýlemi-diýip, men ýene zoraýakdan gülmäni saklandym.
–Hawa, onsoň ol nähili adam eken?
-Walla, näme diýjegimi hem bilemok, maňa-ha ýaramady-diýdi.
–Birhili, ulumsyrak ýaly. Elbetde, birinji gezek özüňde galan täsirler arkaly baha bermek kyn. Emma her niçik-de bolsa...Bu gepleri eşidip, men aňalyp galdym. Onuň özüm hakda beýle pikire geljekdigini hyýalyma-da getirmändim:
-Size onuň nämesi ýaramady?
-Bu gürrüňi goýaly-la, ilkinji täsirler, köplenç, ýalňyş bolýar. Belki, ol gowy adamdyr. Uzyn boýly, syratly ýigit. Daş görnüşi hem gelşikli, ýöne tekepbirräkmikä diýýän... Adama boýdan-başa tiňkesini dikip garaýar. Gürleşende-de başlyksyrap: “Bu makala ertire taýýar bolsun” diýýär.Onuň özüniň kesbi-käri barada ilkinji gezek aýdyp oturyşydy. Men mundan peýdalanyp, onuň nirede işleýändigi barada soraşdyryp oturmadym. Çünki onuň aýtjak zatlaryny özüm hem bilýärdim.Soňra onuň özi:
-Hawa, aýdyp oturyň-diýdi.
–Täze işe başladyňyzmy?
Bu mahal täsin bir oýnuň başyny başlaýandygym barada pikirem edemokdym, emma haýsydyr bir içki duýgularym meni dogrymy aýtmakdan saklady we oňa şeýle jogap berdim:
-Ýok, bilýäňmi näme, pikirimden dändim. Öňki iş ýerimde galdym.Irden ilkinji gezek Medinäni, meniň Medinämi gördüm. Dogry, düýn men ony görüpdim. Emma düýn onuň adaty ýüz keşbi bardy, başga zenanlardan o diýen bir üýtgeşikligi ýokdy. Adaty ýüz-keşp... Oňa gaty owadan diýse-de boljakdy, ýöne, näme üçindir, ýüzi salykdy, tutuksy bir gözellikdi. Hawa, ol düýn şeýledi. Bu gün bolsa, ähli zat başgaça. Ýygan kagyzlaryny saýhallap oturyşyma, oňa ogryn bakýardym. Onuň maňa düýbünden nätanyş daş görnüşi bilen ýakymly sesiniň arasynda, hakyky barlygy bilen telefondaky barlygynyň arasynda özara utgaşyklyk, sazlaşyk gözleýärdim. Elimden geleninden mylaýym, salyhatly bolmaga, oňa aýratyn üns bilen hoşamaýlyk etmäge çalyşýardym hem-de “Ol üýtgeşikligi duýarmyka” diýip oýlanýardym. Ony bilmek üçin agşama, telefon arkaly boljak söhbetdeşligimize garaşýardym.
*****
-Men size ilkinji täsirler aldawçy bolýar-diýipdim-ä-diýip, ol haýran galyjylyk bilen pikirini paýlaşdy.
–Täze bölüm müdirimiz örän açykgöwünli, mylaýym adam bolup çykdy.Ilkinji täsire-de ynanybermäň, onuň hem aldamagy gaty ähtimal-diýip, men degşen boldum.-Ýok, ýok, düýn onuň gözlerine bakyp bilmändim. Bu gün bolsa, bakdym...
-Men: “Gör-le muny, haçan bakdyka? Men duýmadym” diýip oýlandym.
-Bilseň, onuň gözleri şeýlebir dury, şeýlebir akylly...
-Eýýäm men sizi ondan gabanyp başladym. Bu oýnuň başy, ynha, şeýle başlandy. Men bu oýnuň kadalaryny bilýärdim, ol bolsa ähli zatdan bihabardy. Indi meniň elimden geljek zat ýokdy. Hadysalar akymy edil poçta gutusyna atylýan hatlar mysaly, meniň gözegçiligimden, ygtyýarymdan çykypdy.Iň möhümi, indi men gürleýşimi, äheňimi, düşünjelerimi üýtgetmeli bolýardym. Telefonda bir adam, işde bolsa başga bir adam bolmaly bolýardym. Hersiniň öz gylyk-häsiýeti, öz ruhy dünýäsi bardy. Iş ýerimde hem bütinleý başga adamdym.Ýagşy niýetli, mylakatly, ýeri gelende talapkär. Ol bolsa telefonda maňa özüm barada gürrüň berýärdi we gürrüň berýärkä her bir hereketimiň, her bir ädimimiň, her gezekki ýüz keşbimiň nähilidigine seljerme işlerini geçirýäne meňzeýärdi. Öňler özüm gürrüňe başlaýardym, emma soňky wagtlarda muňa zerurlyk galmandygyna göz ýetirdim. Onuň özi Seýmur mugallym hakda gep aýtmakdan, onuň gürrüňini etmekden birjigem ýadanokdy. Rüstem bilen bolsa, gijäniň birmahaly uzakdan-uzak söhbetleşýärdi. Emma Seýmur bilen hiç wagt Rüstem hakda gürleşmezdi. Umuman, onuň telefondaky durmuşy barada hiç kim hiç zat bilenokdy. Muňa bolsa begenjegimem, gynanjagymam bilemokdym. Käte maňa ol düýbünden biperwaý garaýandygy üçin, bu barada hiç kim bilen gürleşmek islemeýän ýaly bolup duýulýardy. Käte-de tersine, ol muny eziz, syrly bir duýgy hasaplap, hiç kime äşgär etmek islemeýän bolsa gerek diýip düşünýärdim. Bu örän geňdi, pikirlerim, duýgularym garjaşykdy. Göz öňüne getirip görüň, men-Seýmur, ony telefonly durmuşyndan gabanýardym. Gije jaňlaşanymyzda bolsa, onuň Seýmur hakda berýän tükeniksiz gürrüňleri meniň-Rüstemiň gaharyny getirýärdi. Bir gezek oňa:
-Geliň, birek-birege sen diýip ýüzleneliň. Biz indi köpden bäri tanyş ahyry-diýdim.Aňyrdan: -Bolýa-diýen jogaby eşitdim.
-Sag bol, haýyrly bolsun!-diýip, men muňa çaga ýaly begendim. Indi Medine “meň” bilen “sen” diýip, “onuň” bilen bolsa “siz” diýip gürleşýärdi.Şol gün birden, özem ilkinji gezek meniň özüm hakda, özümiň ikinji menim hakda özge bir şahs ýaly pikir edýändigim kelläme geldi.
(dowamy bar)