kays
29.10.2023 08:47

Bir mugallym okuwçylarna size Allanyň ýoklugyny subut etjek diýýär. Okuwçylaryň hiç birinden ses üýn ýok, mugallym subut etmäge durýar. Okuwçylar meni görýäňizmi? Hawwa! Partany görýäňizmi? Hawwa! Aýnany görýäňizmi? Hawwa görýäs! Asmany görýäňizmi? Hawwa görýäs! Asmanda Allany görýäňizmi? Ýook! Onda Alla ýokdur okuwçylar! Yzyrakda oturan okuwçylaryň biri elini galdyrdy. Ýoldaş mugallym menem bir zat sorasam bolarmy. Geç tagta soraber diýip mugallym rugsat berdi. Edil öz mugallymynyň aýdyşy ýaly soramaga başlady. Okuwçylar aýnany görýäňizmi? Hawwa! Meni görýäňizmi? Hawwa! Mugallymy görýäňizmi? Hawwa! Mugallymyň kellesini görýäňizmi? Hawwa! Kellesiniň içindäki akyly görýäňizmi? Ýook! Onda şu mugallym akylsyzdyr!


Iň bärkisi, bir-iki duralga üçin awtobusa münüp-düşeniňde-de, ýol hakyňy tölemäge, hasaplaşmaga mejbursyň. Bu uly ümmülmez, owadan dünýäniň taýsyz nygmatlaryny saga-sola sowrup, iň soňunda Haka hasap bermelidigiňi unutmak asla mümkin däl...

66
919
serwinaz
31 Oktýabr 2023
👍👍👍
seneca
31 Oktýabr 2023
@azatagamyradov, bar bolsa-da arassa beýle däldir-le, edil meniň özümem käbiri bilen gabat geldim, emma 3-4 sanak bolmagy bilen "bar" diýip bolmaýar, olaryň hakyky şeýledigem belli däl, her jemgyýetiň bir düşünjäni, ideologiýany teswirleýşi, täsir edişi tapawutly.
a_e_r
30 Oktýabr 2023
Menem öýdemok dogrysy barmy hakykatdanam?
seneca
30 Oktýabr 2023
@a_e_r, Türkmenlerde ateist bardyr öýdemok.
a_e_r
30 Oktýabr 2023
@seneca, ateistler diňe şony edýär.
a_e_r
30 Oktýabr 2023
Muny ateislere we agnostiklere aýdyp ber, seniň bilen ertire çenli jedelleşerler:)
djmurik
30 Oktýabr 2023
Alla beyikdir we hemme zady goryandir,eşityändir
seneca
30 Oktýabr 2023
@geldiyevna, Inkär edýän kim?!
raff
30 Oktýabr 2023
Alla beýikdir
seneca
30 Oktýabr 2023
@miweayka, Diňe bir sözi post etjekmi?)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.