Annamyrat dymdy. Soňragam Aýgüljigiň ýüzüne seredip, birden janygyp ugrady:
― Ýürekde hiç wagt kine saklama, gyzym! Onda-da öz ýakynyňdan! Gaty gördüňmi ― aýt bada-bat! Içiňe salma, «Aý, soň bir ýeri gelende şapyladaryn-da!» diýme. «Pylanyň içinde daş döräpmiş» diýip eşidipmidiň? Soň eşidersiň. Anha, şol daş nämeden döräp başlaýandyr öýdýäň? Bir kiçijik jisimden, aýdyşlaryna görä. Adamyň içine eremeýän bir jisimjik düşýär. Düşýär-de, gylmydyr, dyrnakmydyr ― daşyna üýşürip ugraýar. Üýşürýär-üýşürýär-de, ýumrukçarak daşa öwrülýär. Anha, kine diýlen zadam şol eremezek jisimjik ýaly bir zat bolmaly. Içiňde näçe sakladygyňça, ulalýar barýar. Ullakan daşa öwrülýär şeýdip...
Kömek Kulyýewiň " Alty aý möhlet " eserinden...