ylham_gurbanaly
28.10.2023 14:15

Awtomat telefonlar jezalandyrylmazlygyň, eden-etdiligiň, jogapkärçiliksizligiň alamatydy. Olaryň üstünligi bombalaýjy uçaryň ýaragsyz gäminiň üstündäki üstünligine meňzeýärdi. Biler bolsaňyz, öýümde telefonymyň ýokdugyna gaty gynanýardym. Elime düşen iki köpügi “Hajy Gara” ýaly, nebsewürlik bilen jemläp, ýygşyryp goýýardym. Tanyş-bilişlerden hem iki köpüklik toplaýardym, mümkinçilik bolandan pul böldürip, ýerine iki köpüklik alýardym. Indi men her gije onuň bilen jaňlaşyp durýardym. Özem gijäniň birmahal çagy edýärdim. Bu mende eýýäm endik bolup galypdy. Beýle görnüşdäki söhbetdeşlige: onuň biraz ýadaw, biraz kinaýaly, biraz gussaly sesine, diwaryň aňyrsyndan eşidilýän birmeňzeş gammalara, radionyň batly sesine, uçaryň güwwüldisine gurşalan arakesmelere diýseň öwrenişipdim. Indi men o hakda käbir zatlary bilýärdim. Adynyň Medinedigini, ýeke ýaşaýandygyny, goýun gözdügini, köwşüniň ölçeginiň otuz bäşdigini bilýärdim... Şolardan başga hiç zat bilemokdym.Bir gezek:

-Siz näçe ýaşyňyzda?-diýip soradym.Ol:

-Men eýýäm garry kempir. Birgiden agtyjaklarym hem bar-diýdi.

Men onuň dury sesinden meniň beren sowalymy ýaňsa alýandygyny, şeýle-de öz ýaşy, iş ýeri, maşgalasy hakda gürrüň bermek islemeýändigini aňdym. Özi hem menden bu zatlar hakda soranokdy, emma ýigrimi dokuz ýaşymdadygymy, sallahdygymy, ylmy edarada işleýändigimi bilýärdi. Diňe adymy bilenokdy. Näme üçindir, hakyky adymy aýtman, oňa özümi Rüstem diýip tanyşdyrypdym. Özüm hem: “Belki, onuň hem hakyky ady Medine däldir” diýip güman edýärdim. Men:-Hawa, onsoň biz haçan duşuşarys-diýdim.Ol:

-Duşuşyp nätjek?-diýdi.-Näme, telefonda gürleşmek erbetmi? Sizi bilemok welin, meniň üçin-ä, iň gowusy, telefon arkaly söhbetdeşlik. Durmuşymda täze bir zat peýda bolýar. Belli sagatlarda özüme jaň edilerine garaşmagy gowy görýärin. Jaň edýän adamy tanamamsoň, ony öň hiç ýerde görmämsoň, onuň bilen açyk iç döküşip bilýärin, ol hem ýüreginde näme bolsa maňa arkaýyn diýip bilýär. Ol hem meni hiç wagt görmänsoň, göz öňüne-de getirip bilmeýär. Näme, bu erbetmi? Duşuşyp, bir-birimizi halamasak, ähli zat puja çykar, bozular. Birek-birege göwnümiz ýeten ýagdaýynda-da, ýene ähli zat üýtgär, adaty, lenji çykan bir zada öwrüler. Geliň, iň gowusy, gatnaşyklarymyzy şu ýagdaýda dowam edeli. Ynanaýyň, bu iň gowusy. Hany, öz işleriň barada gürrüň bersene! O meseläňiz nähili boldy? Dawaňyzy diýýän. Hemme zat ýerbe-ýermi?

-Ýok. Arzamy ýazdym. O ýerden gitjek.

-Waý, nirä?

-Entek bilemok. Siz näme maslahat berýäňiz?Ol jogap bermedi. Gulagyma uçaryň güwwüldisi eşidildi...

*****

Täze ýyly Feruzlarda garşyladyk. Täze çatynjalar-Rasim bilen Farida hem gelipdiler. Sagat on ikä on minut galanda hemmämiz onuň gelniniň joralary bilen ähli zehinini, başarnygyny siňdirip ýazan saçagynyň başyna geçdik. Men hemmelerden giç gelipdim. Howa diýseň sowukdy, garly, ýagyşly köçeden gelen adama, öýüň ýylylygy hem, ýagtylygy hem diýseň hoş ýakýardy. Sagat on ikiniň zaňyny uranda, biz birek-biregi gujaklap, Täze ýyl bilen gutladyk we birek-birege bagt, üstünlikler arzuw etdik. Feruz bolsa bu ýyl taryhy ýyl bolar, ýagny Seýmur öýlener diýip öňdengörüjilik etmäge başlady. Bulgurlary çakyşdyranymyzdan soň, Feruz meni bir gyra çekdi. Biz ýanaşyk otyrdyk.

-Men seň saglygyňa şerbet içýän. Mert, tutanýerli, emma biraz adalatly, ünsli, hoşamaý bolgun. Seniň durmuşa ak ýürekli garaýşyň bar. Sen içiňden üstümden gülýän, belki-de, ýigrenýän bolmagyň hem mümkin. Belki-de, men, seret, ynha bular üçin-diýip, ol ýalpyldap duran täzeje öý goşlaryna yşarat etdi:

-Ýa-da Samiýanyň gymmatbaha paltosy üçin wyždanymy satandyryn öýdýänsiň-diýdi.

-Ýok, men hiç wagt wyždanymyň tersine giden däldirin. Muňa ynanyp bilersiň. Soňra ol:

-Emma-diýip sägindi, soň ýene-de sözüni dowam etdi.-Emma adamyň akyl-huşy ýerinde bolsun. Her demde horaz ýaly orta okdurylmasyn. Dogry, kän ýan bermeli, käte ylalaşmaly bolýarsyň. Käte zoňtarlyk etseň, käte sözüňde berk durmaly bolýarsyň. Bilýäňmi näme, durmuşyň özi şeýle, käbir işlerde ylalaşmak gerekdir. Munuň üçin köp zat gerek däl ahyry.

-Belki, sen mamlasyň-diýdim.

–Ýöne, ynha, meniň üçin hasap-hesip işleri diýseň çynlakaý iş. Bir-de yza çekil, bir-de öňe çyk, meniň beýle türgenleşikden başym çykmaýar.Ol elini owkalaşdyryp:

-Täze ýylda nirede işlemekçi?-diýdi.Men:

-Gazetde-diýdim.

–Düýn buýruk çykypdyr.

-Bolýa, özüň bil, emma menden sorasaň-a, sen ýalňyşdyň.Soňra ol roýalyň başyna geçip, saz çalmaga durdy, gelni-de hiňlenip başlady.Bu meniň radiodan eşiden aýdymlarymyň biridi. Birden meniň gammalar, soňra-da onuň radiosy ýadyma düşüp, birhili boldum.Ornumdan gozganjyrap:

-Men nutuk aýtmak isleýän-diýdim.Oturanlar hiç wagt nutuk aýtmandygym üçinmi-nämemi, aňk-taňk bolup, maňa seretdiler.

-Ynha, biz bu ýerde bileje otyrys we hemmämiziň keýpimiz kök. Emma geliň, şu pursatlarda ýeke galanlaryň näme edýändigi barada pikir edeliň. Meselem, nobatçylar, ýol gözegçileri.

-Kim, kim?-diýşip, oturanlaryň hemmesi birden seslendiler.

-Demir ýol gözegçileri diýýän.

–Hawa, ýol gözegçileri otlularyň gatnaw tertipnamasyny gowy bilýärler we sowuk, syrgynly gijelerde somalyp oturan kepbelerinden çykyp, otlyny geçirip goýberýärler.Hemmeler gülüşdiler.Feruz maňa manyly garap, derrew ýerinden turdy:

-Häzir Seýmuryň öýkelemegi mümkin. Gülmäňizi bes ediň. Bu çynlakaý mesele. Demir ýol gözegçleriniň saglygyna diýdi dälmi, Seýmur? Hany, bulgurlaryňyzy alyň.Hemmeler bulgurlaryny eline aldylar.

Ýok-diýip, men kellämi ýaýkadym.

–Ýol gözegçileriniň saglygyna diýmek islemändim. Gürlemäge goýmadyňyz. Men başga bir ynsan üçin badaňyzy götermegiňizi towakga etjekdim. Eger ýene-de şeýtseňiz, menden gaty görmäň.

-Eý-how, gör, sen nähili? Ýeri-ýer...

-Men bir adamyň, bütinleý ýalňyz bir adamyň saglygyna içmek isleýärin. Ol şu pursat ýeke özi radionyň öňünde otyr. Ol ähli radioýaýlymlaryň ähli gepleşiklriniň tertipnamasyny bilýär. Ýol gözegçisiniň otlulary garşylaýşy ýaly, ol hem radiotolkunlardaky ähli tomaşalary garşylaýar. Tutuş älem onuň otagynda, ýöne tutuş dünýä bilen bile bolsa-da, ol ýalňyz...Men şerbetli bulgury boşatdym. Hemmeler geňirgenip maňa garady, emma hiç zat diýmediler. Birazdan soň bolsa, bütinleý başga zatlar barada özara söhbede berildiler.

*****

Dälize çykyp, telefon belgilerini aýladym-da garaşyp başladym. Telefon dymýardy. Men: “Ine, saňa gerek bolsa, demir ýol gözegçisi. Biderek ýere sen onuň aladasyny edýärsiň. Ol hem bir ýerlerde Täze ýyly garşylaýandyr. Ýöne näme üçin garşylamasyn?” diýip oýlandym. Soňra ýene jaň etdim. Onuň täze ýylyny Moskwa wagty bilen gutlamak isledim. Jogap bermedi. Ýene bir sagatdan soň jaň edip, Praga wagty bilen gutlamak isledim. Ýene-de jogap bermedi. Ýene bir sagat geçdi. Haýsy wagt bilen onuň täze ýylyny gutlamak isländigimi bilemok, belki-de, Grinwiç wagty bilendir, ýene-de oňa jaň etdim.Ahysoňy irden sagat ýediň ýarynda onuň mylaýym sesini eşitdim.Howlukmaç:

-Sizi Atlantika wagty boýunça Täze ýyl bilen gutlaýaryn-diýdim. Düşünmedi öýdýän, men hem näme diýjek bolandygymy düşündirip oturmadym.Ol gülüp:

-Hä-ä, bu sizmi?-diýdi.

–Ýaňyja gapydan girip durşum.

-Bilýän. Uzak gije size jaň etdim.

-Bir joramyň öýündedim.

-Munuň ähmiýeti ýok-diýdim.

–Täze ýylyň ilkinji sagatlarynda size möhüm bir zat aýtmak isleýärin. Men sizi gowy görýärin, özem juda gowy görýärin.

-Şeýlemi?-diýip, ol güldi.

–Diýseň şatlykly habar. Ynha, muňa baýramçylyk sowgady diýse boljak.

-Siz meň üçin gymmatlysyňyz, ezizim. Güneşim, gözümiň nury-beýle pursatlarda näme diýilýändigini hem bilemok, emma men hiç kimi beýle gowy görmändim. Dogrusy, hiç kimi beýle sulhum almandy. Bilýärin, munuň size gülkünç bolup duýulmagy hem mümkin.


(dowamy bar)

22
145
ylham_gurbanaly
28 Oktýabr 2023
@ktoo, Minnetdar, size-de ýetirsin!
ktoo
28 Oktýabr 2023
@ylham_gurbanaly, тувелеме гутлы болсун дипломын,бизем саг-аман элмизе алсак.Ише дурдунмы я...?
ylham_gurbanaly
28 Oktýabr 2023
@ktoo, okuwy gutaramsoň köp ýerden teklipler, ýazga çagyrmalar geldi. Hiçisine-de gidemok.
ylham_gurbanaly
28 Oktýabr 2023
@ktoo, okuwy gutardyma men)
ktoo
28 Oktýabr 2023
@ylham_gurbanaly, гошгы и макала язмалы.Айтадылармы окувда?
ylham_gurbanaly
28 Oktýabr 2023
@ktoo, Salam. O nähili basleşik?
ktoo
28 Oktýabr 2023
Салам."Яш васпчы"баслешиге гатнашянмы бу йыл?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.