Adamzadyň ruhy dünýäsinde ýadro partlamalaryndan has erbet täsir edýän bir ýarag bar. Goranmagy kyn bolan biologiki ýaraglaryň biri - söz ýaragydyr.Bu ýarag ulanýan adamyň mekirligine , zannyýamanlygyna görä barha güýçlenýär, "hüjüm edileniň" ruhy taýdan ejizligine görä, zyýany- zeleli has tiz ýaýraýar...Söz - nygmat. Allatagala Garaýabyň hem dogry söz hakykatdyr. Emma " men sözümi owadanlap otyrmaýan hakykaty aýtýanda goýýan" diýýänler bilen ylalaşyp bolanok, Sebäbi ajy dermanyň şireli gabyk bilen berlişi kimin hakykata hem söze, ýürege barmaýar lybas gerek. Dünýädäki pajygalyklary, gurbanlyklary 70-80% göterimi söze lybas geýdirmäni bilmeýän "hakykatçyllaryň" misli gylyçly sözlerindendir.
Şahyrymyz G.Ezizow aýtmyşlaýyn :
Sözüň agramyny ölçemez tonna
Ölçemez güýjüni milýon kilowat
Söz - ýalaňaç pikre gyrmyzy dondur
Söz bar - kime şapbat
Söz bar - kime bagt
Dünýäde iň beýik şypa şolaňky
Şatlygmyzy siňdirýäris şolara
Dünýäde iň beýik jepa şolaňky
Hasratymyz siňdirýäris şolara
Söz - bu gazap bilen çakan ýyldyrym
Söz - bu gyz näzidir, dürleň - dürüdir
Başarmasaň - ol öçügsi ýyldyzlaň
Başarsaňam - lowlap duran Günüňdir