wselennayaa
28.10.2023 10:50

Sakga durdym, yzyma öwrülip, \\\"Näme boldy diýen şekilde\\\" seredip durdym.

-Läle, dogrusyny aýytsam sözümi nirden başlajagymy bilemok. Men seni ilkinji gezek göremde, göz çenime tutupdym. Merdandan seni soradym. Ilki başda nädip aýtjagymy bilmedim. Seniň internet sahypalarynda gezýänligiňi bilenimdem soň, şol ýerlerde seni yzarlap başladym.

Tanyşanymyzdan soň-a içim örän rahatlandy. Seni ýakyndan tanamana pursat boldy. Bu ýerlere gelmäne-de iş bahana, asyl seni görüp söz aýytmakdy. Men seni şol ilki günden halapdym, meniň sözümi alarmyň?! Dogrusy men näme diýip, näme goýjagymy bilmän duryn. Bu sözlere garaşýardymam welin, bular ýaly çalt däldi.

Sesimi çykarman öýe tarap ýöredim. Dymmagymy \\\"Bolýar\\\" diýen jogapdyr öýdüp,

Begenç:

-Dymyp gitdiň welin senem razy-da

Yzyma öwrülip birazyrak ýylgyryp durdum. Soňam başym ýaýkap öýe girip gitdim. Köp pikirlendim, aslynda pikirlener ýaly zat ýokdy. Menem ony halaýardym. Onna-da kitaplarda, eserler okap, filimlerde-de görýärdim. Hat-da durmuşda-da köp gabat gelýär. Gyz näzlenip oglanyň sabryny ölçeýärdi. Menem bir müddet sözün almazlyga karar berdim. Pikir ummanyna çümüp ýörkämem telefon jyňňyrda-dy. Açyp görsem Begenç jaň edip dur:

-Alo,

+Alo Läle,

-How,

+Bardyňmy sag aman

-Howwa siz

bardyňzmy

+Howwala biz geldik.

-Hmm...

+Neme Läle

-Näme?!

+Men jogabyňy ajaýjakdym. Görünüşe görä sen \\\"Bolýar\\\" diýdiň öýütýän dymdyň welin.

-\\\"Men saňa razy\\\" d/p, aýytdymy?!

+Ýok

-Onna näme öz-özüňden bir zatlar toslap tapýaň.

+Aýý men-ä...

-Bolýar onna hoş. Ýadow men.

+Bolýa sag aman ýatyp tur men seni söýýän.

Söýgi sözin eşidip şol gün-ä tolgunjymdan ýatyp bilmesem nämee?! Kellämde müň hyýal.

Ertesi gün dynç gün bolansoň, işe gitmedim. Daň säheri b/n örüp, ertirligiň ýanyna gyzgyn çörek almana gitdim. gapydan çykanynam şoldy, welin garşy tarapdan Begenç çykdy. Ol meniň gitjek ýerimi bilýärdi. Özüniňem ugry şol tarapdalygyny aýdyp, yz ýanymdan ýöräberdi. Imisalalyk bolansoň aýak seslerem eşidilip dur. Begenjiň pyşyrdysam. Ol pyşyrdap

-Läle, bu gün öýlän men Balkanabada ugraýan.

Bu sözleri gynandyrjy bolsa-da,bildirtmezden:

+Sag aman bar

-Gitmezden öň arkaýynlap gidäýin diýän.Köp garaşdyrma-da, öýläne çenli jogabyň aýdaý.

Yzyma öwürlip:

+Jogabyňy şu wagt aýytýan. \\\"Ýok\\\" men saňa razy däl.

Bu sözleri eşidip Begenjiň ýüzi çökdi. Gowy habara garaşýanlygy bellidi.

-Onna göwnüňde biri barmy?

+Ýok, hiç kimem ýok.

-Onna näme sen meni tanaýaň-a. Bilýäň senem meni halaýan. Halamasaň ýüz bermezdiň. Sen hiç oglana ýüz bereňoga

+ Saňa tanansoň ýüz berdim. Ýogsam...

-Meni tanapsyň şeýle gerek. Maňa belent. Men näme erbet oglanmy?

+Ýok, sen erbet oglan däl.Örän gowy oglan.

-Onna näme

+Wagty gelende jogabymy aýdaryn

-Onna garaşmaly-da

+Howwa

-Bolýar garaşaryn. Sen gowy habaryň berseň bolýar.

Şu sözlerden soň, gark bolan ýüzem, göwnem açyldy. Deňimden ýörejek bolanda, \\\"Il gün görer yzymdan ýöre\\\" diýip, yzrakdan ýöretdim. Her aýagyny ýere berende misli ýüregimiň üstünden urýan ýaly. Tolgunyp, ellerimi gysymlap derledip gitdim...

...Günler geçip dur. Begenjem gidenine iki aý doldy. Käwagt küýsän mahalym, seýilgähdäki bile düşen suratlary görüp, şol günleri ýatlaýan. Her gün diýen ýaly, Begenç menden habar alyp dur. Käteler Merdandan \\\"Çaý içersiň\\\" diýip, şokolatlary ugratýar. Işe alyp gidip arakesmede gyzlar b/n çaý içýäris. Şol günem Begenjiň beren şokolatlary b/n çaý içip otyrys.

Gülzar:

-A gyz, şu oglany kösänligiň ýetmedimi. Beýdip ýörseň, bir gün-ä gider.

+Aýytma şony -diýip, Bägülem gepe goşuldy.

Gyzlaryň bu sözleri birhili pikirmi üýütgetmäne sebäp bolly. Içimden \\\"Dogrydanam, şugünler göwnüme bolmasa sowaýan ýalam. Birden bujagaz günümem elimden gidibermesin. Sözün almaly\\\" diýen karara geldim.Şol wagtyň özünde-de, \\\"Şo-ol gün beren soragyňy jogapsyz goýupdym. Men razy, diýip söýgi hatymy ugratdym. Köp garaşdyrman entegem şol sözüň arkasyndadygyny aýtdy. Şondan soňam biziň söýgi hekaýamyz başlady...

... Günümizi ädimläp, wagtyň nädip geçeninem bilmedim. Bir ýarym ýylyňyzy Begenç b/n meniň söýgi wakamyzdan ýygnadyk. Dynç güni gelinejem b/n bazarda aýlanyp ýördüm. Telefonyma jaň geldi açyp görsem Begenç jaň edip dur. Aňyrdan Begenjiň dem alyş sesiniň ýokarydygy mälim bolup, eşidilip durdy.

Howsalaly:

+Läle-diýip, adymy tutmasyndan, birzadyň bolandygyny aňdym...

-Dur, demiňi dürse. Näme boldy?

+Läläm, garaşylan günümiz geldi.

-Açyk aýytsana, näme boldy?

+Öýdäkilere aýytdym, ertirki dynç günde size barjaklar.

Dogrudanam, köpden bäri şu güne garaşypdyk. Gelinejemem öňden ähli zady bilensoň arkaýyn, ertir geljekdiklerini aýytdym. Olam "Gelibersinler! ejeňe-de agaňa-da özüm aýdaryn" diýip, razylyk berdi. Habary göni telefonda garaşyp duran Begenje ýetirdim...

...Garaşylan gün geldi. Köplük bolup Begenjiň ejesi, daýzasydyr, ýeňňeleri geldiler. Öýdäkilerem habarly bolansoňlar, sözlerini ýykyp durmadylar. Guda bolundy.

Toý aladasy başlandy, inni öňküsi ýaly, Begenç b/n habarlaşmana elim ýetenokdy. Olam "Öýümiziň daşy içini abatlaýarys, elim ýetenok" diýip, kän bir jaň edip barmazdy. Toýa bäş gün galanda Begenç jaň etdi. Alyp:

-Alo-diýenimem şoldy welin,

+Bagyşla janym...

-Bagyşlamy?! Näme üçin, saglykmy?

+Mmmmm...- diýip pikire batyp durdy.

-Gürlesene, näme boldy?

+Aý ýöne diýäýdim

-Ýöne ýere adam bagyşla diýenoga.

+Janym geleňde gowy düşündireýin.

-Ýok, şu wagyt düşündir. Näme üçin bagyşlamaly?!

Aňyrdan güpür-tapyrdylap, biri Begenji çagyrýardy."Gysagly gel bol" diýip, gününe goýmady. Begenjem:

+Bolýar, Läle soň gürleşip bilsem gürleşeris diýip, meniň hoşlaşmagyma-da garaşman öçürip goýberdi...

Bäş günem toý aladalary b/n geçip gitdi. Uz lybasly keteni köýnegim geýip beýleki gyzlardan saýlanypdym. Käbämem alnymdan öpüp, patasyny beripdi. Märekedir myhmanlar esasanam men gelinalyjynyň gelerine garaşýan. "Gelinalyjy gelýär" diýip, jigim buşlanda, ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar...

Gülzar ýanyma gelip Begenjiň jaň edip durandygyny aýytdy. Özem bir gezek däl, ep-esli jaň edipdir. Hatda şol wagtam jaň edip dur. Bägül bu ýagdaýy oýuna salyp Begençdir-dä..., basymrak mün maşyna, maşynyň içinde oturyp ýadadym d/p jaň etýändir, diýmesi birazyrak bolsada ýeňletdi. Begenjiň ýeňňelerine alyp gitmäň meni diýip möňňürip aglasym gelýärdi. Kürtämi başyma atyp, gelinalyjy maşyna mündürdiler.

Maşynda Begenç oturan eken.Ýöne näme üçindir maňa gep goşaýanok. Ýaňy zol-zol jaň etýän oglan, hiç zat bolmadyk ýaly otyr. Gelinalyjy ugrap, öýümüzden daşlaşdyk. Näçe uzak daşlaşdykça, şonça-da içim gysyp aglaýardym. Esasy içimi iýýän zadam, aglap oturanymy görse-de Begenç köşeşdiriji söz aýdaýaýyn diýenokdy. Ondana geçipdiris asyl-ha habaram alanokdy. Şol boluşy, hamala ýedi ýat biriniň ýanynda oturan ýaly. Şol bolup gidişimize Balkanabadada geldik. Köp jübütde boluşy ýaly surat üçinem aýlanmak üçinem hiç ýere barmadyk.Gelinalyjy göni Begençleriň öýüne bardy. Bu ýagdaýa men sesimi çykarmanay gelşiksiz gördüm, sebäbi maşynyň öňünde adatdaky ýaly ýigit ýeňňe otyrdy.

Däp boýunça meni garşy aldylar. Soňam giýjeki toýa taýynlyk görüp başladyk. Wagtam boldy giýjek toýam başlady. Uly-kiçi märekä bary üýşüpdir. Begenjiň dostlaram arasynda gelip, bizi tansa goşýar. Tansda-da Begenç meniň ýanymda bolup bile tans oýnamady, bu ýagdaý meni diýseň kemsitýärdi. Iň esasy erbet bolan ýerim hem biz iller ýaly süýjülik tortyny kesmedik. Gülzar sebäbini ýigitýeňňeden soranda hem "Oglanyň özi gyza aýytmagy ýatdan çykarandyr" diýip goýberipdir. Begenje özüm aýytsam hem, hiç hili meni diňlemedi. Toýdan soňky "Guşak çözdürme" däp dessurnam şatlyk şowalaň b/n sowduk. Meni begenjiň jaýyna saldylar.Sabyrly bolup garaşyp oturdym. Ne gelýän bar ne gitýän. Sagat dört boldy. Hiç kimem gelenok. Bir gyrada kürtämiň aşagynda ýatyp ýatyp galdym. Äpişgeden düşýän ýagtylyk b/n säher gözümi açypdyryn.Begenjem giýje hiç hili gelmändir. Bolýan zatlara bir tarapdan akyl ýetirmäne çalyşsam, birtarapdanam indiki boljak däp-dessurlary alada edýärdim.Eger öýdäkiler Begenjiň gelmedigini bilmeýän bolsalar ne gözel adym garalanjak...

Dowamy bar.....

18
178
jelil0777
28 Oktýabr 2023
Lic yokmy
wselennayaa
28 Oktýabr 2023
@0913, 👍
0913
28 Oktýabr 2023
Dowamyna garasyan gaty gowy gitya👍👏👌
amanm
28 Oktýabr 2023
Bagyslan dowamyny hacan gelerka
wselennayaa
28 Oktýabr 2023
🙄
yurek
28 Oktýabr 2023
Ey Hudayjan yzy hacan goyularkannnn😢😢😢
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.