******
(dowamy)
Elbetde, ertesi men oňa jaň etmedim. Uzak gün ownuk-uşak işler bilen başagaý bolup, ähli zady unutdym. Birnäçe günden soň iş meýilnamam ara alnyp maslahatlaşylýarka, barlaghananyň müdiri bilen hem tersleşdim. Şol bir wagtyň özünde, ol meniň ylmy ýolbaşçymdy. Maslahatdan soň dostum Feruz meni öýlerine alyp gitdi. Biz bir institutda işleýärdik.Ol ýolboýy maňa akyl öwretdi:
-Näçe mamla bolanyňda-da, gaharlanma, her bir zat üçin ganygyzgynlyk etme. Hakykaty ýüze çykarmagyň dürli ýollary bar. Hemmäni özüňe duşman etmek bilen, hiç kimi ynandyryp hem, hiç zat gazanyp hem bilmersiň-diýdi.
–Gördüň-ä, adam açyk bir zat “pyşgyranok”. Sen oňa meselä her taraplaýyn seretmändigiňi aýt. “Bu meselä ýene bir gezek göz aýlasaňyz, meniň bilen razylaşarsyňyz” diý. Ýogsa seniň ýaly “nadansyňyz”, “jahylsyňyz” diýiberseň...Şoňa görä-de...
-Şoňa görä-de, hawa näme? –diýdim. –Seniň akyl bermeleriň meniň ýüregime düşdi.Feruz:
-Görýän welin, häzir seň bilen adam ýaly gürleşip boljak däl öýdýän. Gowusy, bize gelip çaý içeli-diýdi.
*****
Biz içeri girenimizden, onuň gelni:
-Bilýäňmi näme?-diýip gürrüňe başlady. –Ogluňyz öz-özünden “eje”, “kaka” diýip başlady. Bilmedim nireden bilýär?! Bu sözleri hiç birimiz oňa öwredemizok ahyry...Ol golaýda bir ýaşy dolan ogly hakda aýdýardy.Beýleki otagdan öý eşiklerini geýnip çykan Feruz:
-Hawa, dogrudan hem, bu geň zat-diýdi.-Özüň bilýäň, men täze nazaryýet oýlap tapdym. Meniň pikirimçe, dili ilki çagalar döredipdirler. Hawa, ulular däl-de, çagalar. Biz ulular bolsa, olaryň döreden sözlerini ulanýarys. Seýmur daýysy, sen öň bir ýerde şeýle eýjejik çagajyk görüpmidiň, kimiň şeýle ogly bar, hä? Meniň bolsa bu wagt beýle gepler gulagyma ilenokdy, näçe jan etsem-de, şol günki telefon belgileri ýadyma düşenokdy. Iň soňky iki belgi ýadymdady, ilkinji belgi hem ýadymdady, onuň yzyndaky belgi welin, hiç ýadyma düşenokdy, üçünji belgi bolsa noldy. Men:
-Maňa seret, Samiýa, hol gün agşam sen haýsy belgini diýipdiň-ä?-diýip soradym.
-Haýsy agşam? O nämäniň belgisi?Bilşiňiz ýaly, uzak düşündirmeli boldum. Daşymy gallap, akyl öwretmäge başladylar.Ahyrsoňy gapydan çykyp barýarkam Samiýa:
-Seýmur, ýadyma düşdi-diýdi.
–Dokuz diýipdim. Bu her gün özümiň işe gatnaýan trolleýbusymyň belgisi-dä.
*****
-Alo, salam. Bu men.
-Salam. Kimsiňiz?
-Derrew unudaýdyňyzmy? Ýadyňyzdamy, men size jaň edipdim. Mundan üç gün öň. Özem hut şu mahallardy.
-Onda sesiňiz başgady-diýip, ol kinaýaly gürledi:-Belki-de, bu gezek tanyşmak isleýän başga kişidir. Geçen gezek öýlenen ýigidiň bir öýlenmedik dosty ýalňyzlykdan arz etmek isleýändir. Belki-de, siz telefon oýnap, bezzatlyk edýänsiňiz.
-Ant içýän, şol ýigit men. Indi nähili, tanadyňyzmy?
-Hawa, indi tanadym. Men size başga adamdyr öýtdüm, bagyşlaň-diýip, ol arkaýynlaşdy.
-Bilýäňizmi näme, men hakda ýalňyş pikirde bolmasyn diýip, jaň edeýin diýdim.
-Jaň edeniňiz gowy bolaýdy, meniň hem bu agşam erbet ýüregim gysardy. Radiom döwüldi.
-Siz hemişe şeýle giç ýatýaňyzmy?
-Hawa, gijäň bir wagtyna çenli radio diňleýän. Emma bu gün onuň hem çyrasy köýdi. Indem, walla, däliremegiň bäri ýany bolup otyryn. Şu pursat tutawaçdan, göýä, uzakdan eşidilýän ýaly pianinonyň sesi eşidildi.
-Siz sowallaryma jogap bermegi halamaýarsyňyz, ýöne aýtsaňyzlaň, gijäň bir wagty pianino çalýan kim?
-Hä-ä-diýip, ol güldi. –Bizde däl, goňşularda. O bir ýüregedüşgünç gyzjagaz, ir ertirden gijagşama çenli şeýdip, saz bilen meşgullanýar. Diwarlarymyz diýseň ýuka, dogrusy, bu gammalardan bizar boldum. Diňe radiom işleýän wagty onuň sesini eşitmeýärin.
-Siz näme üçin radio diňleýäňiz?
-Radioýaýlym meniň üçin öýümiň içi ýalydyr. Ynha, bu ýerde hemişe gijeki konsertler berilýär.Şu pursat men onuň radionyň nurbatyny ýuwaşja towlap, radiotolkunlaryň üstünden gezdirýän näzik, inçe barmaklaryny gören ýaly boldum.
-Ynha, bu ýerde bolsa, ummanyň aňyrsyndan nähilidir bir üzlem-saplam sazlar eşidilýär-diýip, ol sözüni dowam etdi.
-Bu ýerde äpet gomlaryňdyr tupanyň sesi eşidilýär. Bu ýerde kimdir biri düýbünden düşünip bolmaýan dilde gürleýär. Bu ýerde ýbolsa, hemişe alagowur sesler eşidilýär. Alyp baryjy degişýär, adamlar gülýärler, çapak çalýarlar, men olaryň diline düşünmeýärin, emma hemmeler gülüşýärler, radiotolkunlar eräp giden ýaly bolýar, sykylyk çalýarlar, meniň hem muňa diýseň göwnüm açylýar.Ynha, bu ýerde bolsa yşk-söýgi hakda gepleşikler berilýär. Erkek we aýal bir-biri bilen syrly pyşyrdaşýarlar. Men olaryň mikrofonda dem alyşlaryny hem eşidýärin. Radio-ajaýyp dünýä. Hyýalymda tutuş dünýä-gijeki asman, aýdymlardyr jadyly mukamlar, sahnalardyr uçarlar otagyma kürsäp girip gelýän ýaly bolup duýulýar.
-Uçarlar diýýäňizmi?
Ol:-Gulak asyň-diýdi.
Onuň dymyp gulak asmaga başlandygyny duýdum. Men hem gulak asdym we bir salymdan uçaryň güwwüldisini eşitdim. Men: “Geň zat, bu uçar meň öýümiň depesinden hem uçup geçermikä? Onuň öýi haýsy tarapdaka, şäheriň haýsy künjegindekä?” diýip oýlandym.Ol birden:
-Radiotolkunlar bilen uçarlaryň arasynda nähilidir bir ýakynlyk bar. Şeýle dälmi?-diýip, ol ýene-de dymdy.Indi tutawaçdan uçaryň güwwüldisi däl-se, ýene-de hälki birsydyrgyn gamma sesleri eşidilýärdi. Ol ara düşen dymyşlygy bozup:
-Diňe men zol gürläp otyryn, siz bolsa dymýaňyz-diýdi.
–Siz hem maňa bir zatlar diýiň-dä!Men oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. Soňra özümden biygtyýar bu keseki zenana işdäki ýakymsyzlyklar, iň ýakyn dostum Feruz bilen soňky wagtlarda oňuşmaýandygym, ylmy ýolbaşçymy näme üçin halamaýandygym, bu gün ýygnakda oňa agzyma gelenini diýendigim we başga-da, oňa hiç bir dahyly bolmadyk zatlar barada aýdyp, içimi dökdüm. Näme üçin bulary oňa gürrüň berýändigime bolsa özüm hem düşünemokdym. Özüme erk edip hem bilemokdym. Birden ýerliksiz ýaňrap başlanymy duýup, derrew özümi ele aldym-da, onuň bilen hoşlaşyp, tutawajy ýerinden asdym.Öýe dolanyp gelýärkäm, bu waka hiç kimiň ynanmajakdygy barada oýlandym. Dogrudan-da, tanamadyk, heniz özüni bir gezek hem görmedik kişiňe nädip ýüregiňi açmak bolar? Bar bilýänim: ol radio diňlemegi gowy görýär, goňşusy bolsa hemişe pianinoda saz çalýar.
*****
Bu hekaýa gatnaşyjylaryň bir-telefon. Men telefonlar hakda hem kelam agyz aýtmak isleýärin. Umuman aýdanyňda: soňk wagtlarda men telefonlar hakda köp pikir edýänden boldum. Hyýalymda olaryň hersi özbaşdak keşbe eýe ýaly bolup duýulýardy. Barlaghanamyzyň müdiriniň otagynda, stoluň üstünde gap-gara telefon bardy. Her gezek ony görenimde, simleri dag jynslaryny ýumurmak üçin ulanylýan simsapagy ýatladýardy. Müdiriň hemişe ynjalyksyz, howsala düşüp oturandygyny, gorkuly gözlerini görenimde bu telefon onuň partlaýjy minanyň deregine goýlan ýaly bolup duýulýardy. Ol her bir jaň sesine, her bir gymylda üşerilýärdi. Belki-de, bir gün oňa jaň edip, seni işden çykarypdyrlar ýa-da aýalyň gaçyp gidipdir diýerler...Megerem, bu mina-telefon oňa şol erbet habarlaryň biriniň gelen pursady partlaýjak ýaly bolup duýulýan bolsa gerek.Diwanhanada-da telefon bardy, emma ýasy tegelejigi belgisiz, göýä, möhürlenen ýaly, işlemeýän gap-gara tegelek bir zatdy. Ol hem tekersiz ulag, salgysy görkezilmedik hat ýaly, gözüme kömege mätäç ejiz bir zat bolup görünýärdi. Misli diýenedijiligiň, baknalygyň, gowşaklygyň alamaty ýalydy. Saňa jaň edip bilýärler, emma sen hiç kime jaň edip bilmeýärdiň. Bu hili telefonlara meňzeş awtomat telefonlar hem bardy. Olar ýasy tegeleksiz telefonlaryň bütinleý tersinedi. Sen-ä jaň edip bilýäň, emma saňa jogap berip bilenoklar. Jaň et, agzyňa gelenini diý, seni tapjak gümanlary ýok. Awtomat telefonlar jezalandyrylmazlygyň, eden-etdiligiň, jogapkärçiliksizligiň alamatydy.
(dowamy bar)