4982
27.10.2023 13:46

Bir gun obañ kalhozynda isleyan gelinler pagta yygyp yorka gelinleñ biriniñ öñunden yylan cykypdyr yanky pagta yygyanlan yanynda bir Atdus diyip suwcy bar diyya yylandan gorkujyna hemme ayallar gacypdyr oklardan beter suwcy gacya diyya dayzalan biri gygyrypdyr

- Atduş sen erkega sen name gacyan diyipdir

-Atduş "Şunym bilen ýylan öldürüp bolyan bolsa alay how" --Diyipdir



«Karantin, karantin diýip bizar etdiňiz. Karantiniň nämedigini sizler nirden biljek diýsene?!» diýip, 27 ýyl adam aýagy sekmedik adada ýaşan Robinzon Kruzo gygyrdy.



Bir ker adam bir näsagy soramaga gidipdir. Ol gidip barýarka ýolda içinden: «Men bir ker adam. Näsagyň näme diýenini eşitmen. Ine, men baryp: «Pylany ýagşymysyň?» diýerin. Olam elbetde: «Ýagşydyryn» diýer. Garaz, ol näme diýse: «Örän oňat» diýibereýin» diýip, pikir edipdir.


Ker adam näsagyň ýanyna baryp:

— Ýeri, ýagşy bolýarsyňmy? – diýipdir.

Näsag:

— Aga, hiç hezilim ýok – diýip, jogap berýär. Onda ker:

— Örän oňat – diýýär.


Birnäçe wagtdan soň ker ýene-de sorapdyr:

— Işdäň barmy?


Näsag aýdypdyr:

— Işdäm zat alanok.


Kerem öz gezeginde:

— Örän oňat – diýýär.


Ker ýene sorapdyr:

— Iýip-içýän zadyň bir barmy?


Onuň soragyna näsagyñ gahary gelip, indi bir eşitsin diýip, keriň gulagyna gygyrypdyr:

— Işdäm almasa, belaň sapyny iýeýinmi?


Onuň sözleri keriň gulagyna: «Paltaň sapyny iýýärin» diýen ýaly bolup eşidilipdir. Ol:

— Dişiňe gaty bolmasa, paltaň sapyny iýseňem, örän oňat bolar – diýipdir.



Atajan Annaberdiniň öýüne 4-5 sany myhman gelipdir. Ol iki-üç çüýşe arak alaýyň diýip, dükana barsa, içgi ugrundan zat ýok eken. Dükanyň işiginde sataşan alkaş obadaşy arak almaga gelenini Atajana duýdurmajak bolup:

―Obadaş, men-ä aragymy birçak goýandyryn" diýipdir. Aragyň ýoklugyna jany ýanyp duran Atajan:

―Aý, sen aragyňy goýan bolsaň, şu dükanda arak bolardy-la" diýip, geçip gidiberipdir

20
151
akmyradow
27 Oktýabr 2023
🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.