vekil_city
27.10.2023 08:10

Biri diýdi: Asmandakylaryň sizi bagyşlamagy üçin..... Sizem ýerdäkileri bagyşlaň!!!



BAGYŞLAÝAN


Men ejem ogly däl, men ejemiň ogly,

Säherde dogulan, şäher oglany.

Ne agzym hapa ne söýýänlerimi taşlan adam —

Sensiz geçdi durmuşymda her geçen ädim.


Salam KAKA nädýäň?!. Ýa diýeýinmi DÄDE?!.

Belki sesim eşden bolsaň diýerdiň maňa näme?!

Aýdamok hiç kime ýöne seni küýseýän käte —

Ýa men mynasyp däldim düşmedimmi KAKA ýada?!.


Ejemem geldi ýadow. Agyr gün arkada.

Sen bolmasaň öýde kim bolmalydy bize ARKADAG?!.

Ýeke sorag: Näme üçin taşladyň elimi?!.

Saňa meňzetdim her gezek gapyny kakyp geleni...


Indi bilemok gitdiňmi ýa-da dirimi?.......

Körpe ogluň düzeljegiňe ynanýanlaň biridi...

Men ulaldym indi, seret maňa näme duýýaň?

Gerek wagtymda gelmäniň üçin BAGYŞLAÝAN!!!


GAÝTALAMAK:

Gözümdäki ýaşmy?!. Ýagyşmy ýa?!.

Alla jan aýt, barmy ýalňyşmaýan?!.

Bagyşla ony, görme köp, görme kän —

Men-ä bagyşlaýan, BAGYŞLAÝAN... X2


Gözleýän ýaşlygymdan senden ýeke ýatlama.

Diňe SAPAROW sözün goşduň KAKA adyma.

Sen ýokduň diýemde EJE JAN bäşlik aldym —

Saňa ýigrenjimi gulplap, içime saldym.


Nirdediň urşup gelemde öýe birinji sapar?!.

EJEM diýýärdi ýaman öz pälinden tapar.

EJEMIŇ ady boldy: «Ony getir, muny ýuw!»

Düşünýän maşgalaňdan has gowudy şo ajy suw.


Her gün içgili ýykýaň ejemiň içini,

Şu wagt gelenem bolsaň ejem diýerdi: Giç indi!

O wagt kiçidim, arkada uly un halta

Sagja bol KAKA JAN sen meni etmediň ýalta.


Bilýäňmi öýke-kinäni diňe zaman pozar.

Bu setirleri ýazmak kyndy, ýyllar ozal.

Men ulaldym indi seret maňa näňe duýýaň?!.

Gerek wagtymda gelmäniň üçin BAGYŞLAÝAN...


GAÝTALAMAK:

Gözümdäki ýaşmy?!. Ýagyşmy ýa?!.

Alla jan aýt, barmy ýalňyşmaýan?!.

Bagyşla ony, görme köp, görme kän —

Men-ä bagyşlaýan, BAGYŞLAÝAN... X2


Bilýäňmi kä wagt oturanymyzda wara.... Oglanlar kakalary barada aýdyp berýär..... Aý kakam şu gün şeýtdi.... Kakam käýedi..... Kemsinýän kaka...... Kemsindim kaka....... Ýöne indi däl...... Indi däl.... Sen bolan bolsaň hemme zat başgaça bolmalydy..... Nähili kaka bolmaly däldigini men senden öwrendim... Gaharlanmagyň haýyry ýok..... BAGYŞLAÝAN..... 2012, S to the b.

20
35
vekil_city
27 Oktýabr 2023
mp3-den tekste geçiren @Vekil_city
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.