wselennayaa
27.10.2023 07:33

+Läleeee! saňa bara, gowyja habarym barda.

-Näme habar?

+Bu gün üýşüp aýlanmaga gidäýeli

-Hmm... Aý ýok bu habaryň-a erbet. Bilýäň-ä öýdäkiler göwnäp, barmaýar.

+Men bar-a. Men diýseň ugratýarlar.

-Howwa, onuňam dogry...

+Gitýäsmi onna?!

-Bilemok, öýdäkilerdenem, gyzlardanam soraýyn olar razymyka?!

+Bolýa Läläm jogabyňa garaşýan.

-Wii dur, dur. Oglanlardanam diňe ýeke özüňmi?!

+Begenç bar

-Bollymy

+Bolly-da şol. Ýa ýene üýşüreýinmi?!

-Ýok. Bolýar onna jogabyny aýdaryn- diýip, telefony goýdum.

Begenç gitjegini eşidenimde şatlykdan uçaýjak boldym. Aramyzy sazlamak üçin pursatdan doly wagty. Onna- da \"özümi agras alyp barmaly asyl-ha öýkelemeli men, öýkelemeli!\" diýip, öz-özüme akyl satýardym.

Öýdäkilere-de \"Merdan bar-a\" diýip, eýdip-beýdip yrdym. Gyzlara-da arakesmä çykanlarynda duýdurdym. Olaram lakgy-lukgusyny köpeldip gitmejek boldular. Onna-da olary yrmak kyn bolmady. Öň beýdip bir ýeri gitmäne höwäslenmän soň, gyzlaram ýuwaşdan aňdylar. \"Täze myhman oglan köňlüne giripdir-ow\" diýip öz aralarynda degen boldylar. Menem gepi başga zatlara sowan bolup iş wagtyny zordan getirdim. Başga wagyt çalyt gutarýan arakesme, gyzlaryň üstümden düşme gürrüňleri bilen gutarmany bilmedi...

...Wagtam ýetip geldi, aýnanyň öňünde sypap sermenip, saçlarymy daraýan. Geýen köýnegim halys magnyma batdy berenokdy. Başga-da köwüşimiň reňkinde köýnegim ýokdy.

\"Öňler näme bolsa, şo bolsun\" diýip, üns bermezdim. Bu gezek bolsa özümde üýütgeşik duýgularyň bardygyny aňýardym. Geçen günleri ýatlap, bu duýga umytly garaýardym.

Ahyryn bolsa gelnejemiň köýneginiň reňkinde köwüşümiň barlygy ýadyma düşüp. gelnejeme jaň edip soradym. Olam \"Ýeke baldyzym, janyň sag bolsun!\" diýip, sözümi ýykyberenokdy. Inni bolsa özümden hoş.

Ýalygymy hemişekilerden üýütgeşik daňdym. Iki örüm saçymy öňüme alyp, elime-de ejemiň ören dokma sumkasyny aldym. Saga-da seretsem wagtam bolupdyr. Öýden çyksam goňşy tarapda hiç hili ses ýokdy, duralgada-da adam. \"Giýjä galaýdymmykam\" diýip, käýinmäne başladym.

\"Merdan aýytman gidiberdimi-kä! aý howwa\" gyzlar aýratyn barar-da

\"diýen bolmaly\'.

Derrew Merdana jaň etdim. Çagyryp dur alanok. Has hem aladalandym. Gyzlara jaň etjek bolup durkam, Merdanyň özi jaň edäýdi. Görüp otursam, entäk olar öýden çykmandyrlar-a. Begenip duralga tarap ýöredim. Gyzlara inniki duralgada garaşansoň, olardan arkaýyndym. Awtobusam göründi. Şol wagtam Merdandagynam gelip ýetişdiler. Münüp bir çetde oturdym. Oglanlaram yzda oturdylar. Dogrusy gynandym Begenç b/n hiç hili gep goşup bolanokdy. Inniki duralgada-da, gyzlar mündi. Olar ýanyma gelip, gep gürrüňe güýmediler. Şeýitdirip uzak ýoly ýakyn edip, \"Älemgoşar\" seýilgähine geldik.

Düşüp, jemlenişdik.Hal-ahwal soraşyp durduk. Begenç gapdalyma gelip:

-Salam owadan gyz

Gep goşanyna, içim nälerçe begense-dee gaşymy çytdym.

-Bolýar how, gaşyňy çytma. Dogrusyny aýytsam bagyşla. Näbileýin, bilmändirindä.

Bagyşlaaa!-diýip, naýynjar seretdi. Köp uzadyp durman \"Bolýar\" diýip, baş atdym. Entek gürlemesemde, ol muňa razy-dy.

-Doňdurma alyp bereýinmi?! Wiii ýok, ýok. Öňem-ä doň sen, eretmek kyn. Gowusy patrak alyp bereýin, patrak ýaly açylyp gidersiň.

Bu sözleri täsirlidi, ýylgyryp seredenimi bilmän galdym. Edil şol wagyt gözlerim, gözleriniň üstünde-di. Ilkinji gezek seredipdim, ol gözlere. Içimden parran ot geçipdi. Gözlerinde özümi görýädim, ýylgyrýady.. Meniň üçin şol wagyt ähli zat ümsümlikdi. Şol wagyt Bägüliň dürtmesi özüme getirdi. Görüp otursama özümi oňa beripdirin.

Gülzar:

-Menä şul aksionlaryň ählisine münjek. Içiňiz ýansyn, sizem gorkdaň bir gyrada duruň.

Merdan:

+Hew, hew duraberi sen bir. Başga gezek gelende münersiň. Gaçyp, bir ýeri-ň döwülip ýörmesin. Soňra agaň bizi sag goýmaz. Öň Läläň agasy yzarlap ýör, başyma bela edip, seň almana ýagdaý ýok - diýip, gülüşdiler-de goýdular. Degişip gülüşip şol günümizi, ýatdan çykmajak pursatlara baýatdyk. Sagadam giç bolupdy, gyzlar \"beter giç bolmanka gideýli\" diýip, öýli öýümize dagadyk. Bizem taksidan düşüp öý tarapa ýöredik. Merdan \" Men jigilerime, doňdurma alyp geleýin. Öňümden çykanlarynda boş barmaz ýaly\" diýip, dükana tarap sowuldy. Men ýöräberdim. Begenjem yzym b/n gelýärdi. Öýe tarap ýakynlamda,

Begenç

-Bir minut aýak çeksene Läle.

Sakga durdym, yzyma öwrülip,

\"Näme boldy diýen şekilde\" seredip durdym....


Dowamy bar....

20
221
yurek
28 Oktýabr 2023
@wselennayaa, gownunize zat almawerin dilimdekini yazayypdyryn
wselennayaa
28 Oktýabr 2023
@yurek, 🙂
yurek
28 Oktýabr 2023
Dowamy nali bolorka gaty suyndile bi? 35 mint serial gorene dondum!
shemshat
27 Oktýabr 2023
@sha98, kim hacan goydy, soñuny okasym geldile
gggh
27 Oktýabr 2023
Dowamy haçan çykarka
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.