Sögüşip, ýaraşyp, aglap kä gülüp,
Oýnan günlermizi bilmen çagyryp.
Belki-de durmuşda iñ uly ýitgi,
Aladasyz geçip giden çagalyk.
Sebäpsiz aglaýan, sebäpsiz gülýän,
Günlerimiñ dolanmajagyn bilýän,
Ýatlasam ýene-de ýüregim dilýär,
Aladasyz geçip giden çagalyk.
Ýetik indi ýüregimiñ gussasy,
Ýaralañ ýok bejermäge ussasy,
Bu durmuşyñ iñ süýjüje kyssasy,
Aladasyz geçip giden çagalyk.
Diýerdiler : " Hany eje, kaka diý "
Çaga ýüregimiñ ýokdy takady,
Özi bilen aldy göwün rahady,
Aladasyz geçip giden çagalyk.
Bagtlydym wah, ýyrtyk bolsa-da köwşüm,
Gözlerim ýaldyrap atýardy öwşün,
Indi agyr degdi ýüzüñi sowşuñ,
Aladasyz geçip giden çagalyk.
Şanazar Hydyrow