Dowran...
09.04.2020 21:30
Söýgi.

Söýgi sen gudratmy, şatlykmy hasrat,
Perişdemi ýada ýaradan senmi,
Ýa bolmasa tozap ýatan tümlükde
Asmany, Zemini döreden senmi?!

Ynsanyñ kalbyny köz ýaly dörüp,
Kä söndürip käte odun ölçerip
,, wah Şirinim'' diýip daglary ýaryp
Perhadyñ bagryny garaldan senmi?!

Meźnun yşk derdine tapman dermany,
Şol düñle çöllerde çekdi armany
Selbuni agladyp aşyk Hemrany
Saýadyñ ýoluna ugradan senmi?!

Bahar alawladyp yşgyñ körügin
Penjesine düşüp gepçi göribiñ
Şaseneme ýedi ýyllap Garybyñ
Garasyn görmane zar eden senmi?!

Şahyr bilbil bolup söýdi gülini
Neçün ýalkamadyñ bagtyñ gulyny
Meñliden aýryp Magtymgulyny
Eziz ýeññesine ýar eden senmi?!

Ak ýol arzuw edip gökde pel pelläp
Bürgüt aşyklary ýürekden goldap
Iñ soñunda bolsa Kerimi aldap
Gaññalyñ oýunda eñreden senmi?!

Bir zady bilemok barmyka aýby
Munda şatlyk köpmi, köpmi ýa gaýgy,
Dyz epip ýalbarýan aýtsana söýgi
Bu gözel dünýäni nur eden senmi?!

Şähribossan Geldimämmedowa
18
393
Dowran...
10 Aprel 2020
Howa dogry gowy gosgulary bar sahyryn
Myhman Myhman
10 Aprel 2020
Şähribossan beylekilerden beyik pikirlenip bilyän şahyr men halayan M
Gülhan
10 Aprel 2020
Her bir setiri manyly, berekella gowy goşgy ?....
Bagtym bol sen
9 Aprel 2020
Gowy goşgy eken dayy ???
gulshatayewa97
9 Aprel 2020
Ööň Lineda okap gowy görüpdim şu goşgyny
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.