Tikinçi gyz saña bir soragym bar,
Birje nazaryñy dikip bilermiñ?
Nepis işleriñe sözüm ýok, meñem,
Ýyrtylan ýüregim tikip bilermiñ?
Hajymyrat Goşaýew
Şahyr ýigit , berme beýle sowaly,
Uýat bor nazarym eglense sende.
Bolsada el işlerimde nepislik,
Ýürek ýamar ýaly ukyp ýok mende.
Ogulbossan Atdanowa