wselennayaa
25.10.2023 11:03

...Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur, gepem goşanok.

Menem gyz halyma ilki habar aýytmana utandym.Sekiniň galdyrlan ýeriniň bir tarapyna geçip,süpürip başladym. Gitdigiçe Begenç tarapa ilerleýärdim. Süýşmese üstüne süpürip tozan etjekdim. Olam "Sen meni akmak saýýaňmy" diýen şekilde gaharly seredip durdy. Ony görüp aljyraýardym, gorkup başladym.

Ýeri bahanalap ahyry men:

-Eýleräk süýşäýdä, tozan bolar diýdim.

+Läle sen meniň b/n oýun etýärmiň ýa äsgereňokmy?!

-diýip, üstüme gygyrdy.

- Nämeee?! Näme etdim men. Asyl sen äsgereňok. Iki gündir habar ýok. Gelibem hiç zat ýok ýerden üstüme gygyrýaň.

+Hiç zat ýok ýerdenmi?! Men ýaňy seň işiň öňünde näçe sagat kökenek boldum. Habar etýän, habar ýok. Bolmanda jogap ýazarlar. Äsgermän etýäň şu zatlary.

-Nämeee?! Sen meň işimemi bardyň?

+Sen meň soragyma jogap bersene. Näme üçin jaňymy almadyň?

Ondan, gelen smslerime-de jogap bereňok.

-Men seň smsleriňem jaňynam göremok

Ynanmasaň garaş häzir- diýip, telefonymy alyp çykdym. Görsem smslerem, jaňlaram görülmändir. Özem sessizlikde durdy. Görüp Begenjiň gahary birazyrak bolsa-da ýatyşdy. Sesini çykarmady. Menem diluzynlygymy edip:

-Näme üçin işime bardyň?- diýip, ýylgyryp seretdim. Ýene gaharly maňa seretdi.Y za tesdim. Şol wagtam garşy tarapdan Merdan üsti başyn kakyp geldi:

-Oh-ho Läläm, men üsti başymy arassalap geldim sen şujagaz ýeri entägem süpürmänsiň-ä.

"Lälämmi?!" diýip ýuwaşjadan geňgalyjylyk b/n sorady. Menem başga pikir etdirmez ýaly:

+Burnysumagymy görmesem, iş edesim gelenok. Saňa garaşyp duryn.

-Wah görýäňmi Läläm-dä.

Begenç Merdanyň adymy "Läläm" diýip, aýytmasyna gahary gelýär, hemem geň galýar. Ahyrynda:

-Näme üçin "Läläm" diýäň? Ýa araňyzda...

Sözüni bölüp,Merdan:

+ "Läläm" diýmän näme diýeýin. Hem goňşym hem synypdaşym, hem partadaşym... Baý depder göçürdendir-ä, onnam diýäýýäs-dä. Ýöne agasy bir eşidäýmesin, öňem meni yzarlap ýör. Eşitse bujagaz günümem gider.

Men-ä aýdyşyn görüp hezil edip güldüm. Merdanam jakgyldap gülkime goşuldy. Begenjem çala ýylgyran boldy-da oňaýdy. Entägem öýkesi bardygyny aňyp bolýardy.

Men arassalaşdyryp, oglanlar-a täzeden sekini ýerine süýşürtdim. Sag bollaşyp öýe girdik.

Şol gün Begençden hiç hili habar hatyr ýokdy. Öz-özüme bir göwünlik berip, bir käýeýädim. Onuň işime gelmesi, maňa garaşmagy meni al-asmana uçuryp meni arzuwlarda gezdirýärdi.

Birdenem "Wah käşgäm telefonymy sessizde goýmadyk bolsadym, kinelenip gaharlanmazdy" diýip, öz-özüme käýeýädim. Şeýdip günümi geçirdim.

Ýazyň güni daň säheri, sowujak şemal. Guşlaň jürküldisi şähdiň açýardy...

Işe ir baryp, günlük işlerimi näçe ir dynsam şonça-da arakesme wagtym uzap, öýe ir gaýdyp bilýädim.Şol günem işe özümi berip, işlemiň ýarsyny tamamladym. Arakesme wagtym epeý uzapdy. Kofe içip, gyzlaň çykmasyna garaşýadym. Birdenem Merdan jaň etdi.

-Alo burnysumak .


+Alo Lälejan...


-How, gowumy saglykmy?


+Hudaýa şükür, özüň nähili?

Çäýnek-käse,

Öý-küme,

Tüwi-ýarma,

Mal-gara,

Çöp-çalam,

goňşy-golam...


-Bolly-bolly, gowy hemmesi.


Läleeee! Saňa bara, gowja habarym barda



Dowamy bar....

22
159
yurek
26 Oktýabr 2023
Dowamyny goyayyn caltrak
0913
25 Oktýabr 2023
Dowamyna garsyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.