GYLYJOW DIYAR
09.04.2020 19:22
Giç bolar
Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür,
Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aýdyň, dirikä sylaň,
Kim bilip dur, bir ýyldan soň giç bolar.

Gowa gowy diýiň entek dirikä,
Gerek ýerde ýyly bir söz güýç bolar.
Hökman ölerine garaşyp durmaň,
Kim bilip dur, bir aýdan soň giç bolar.

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn,
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar.
Goldaberiň bir-biregi söz bilen,
Kim bilip dur, bir hepdeden giç bolar.

Kalby çoýuň, alkyş alyň adamlar,
Alkyşlynyň işi rowaç bolar.
Erte tapylanok bu gün göreniň
Şu gün çoýuň, erte, belki giç bolar.

Sahawatsyz ömür – gury bir töňňe,
Sahawatsyz ömrüň soňy puç bolar.
Sylaň bir-biregi wagtyňyz barka,
Mümkin, ýene bir sagatdan giç bolar

Awtory: Berdinazar Hudaynazarow
9
116
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.