wselennayaa
24.10.2023 16:53

Her ýylyň tomus aýlarynda \"Awaza\"üçin Balkanabat şäherden bir oglan goňşymyza myhmançylyga gelerdi.Her ýyl üns bermeýärdm,ýöne geçen ýyl bir hili ünsümi çekýärdi.Gelşikli syratly,edepli,uzyn bolýly,gür gara saçlydy,öý eýesem synypdaşym bolansoň onuň b/n salamlaşanymda olam öwran-öwran maňa seredip durýardy.Iki günden soňam gitdi.Azajygam bolsa gynanypdym.Ine bir gün,Işlerimden dynyp internet sahypalarynda gezim edip ýörün.Köpden bäri Begenç atly oglany mowzuklary b/n teswirlerinden göz öňüme alyp öz ýanymdan halaýardym.Şol günem bolsa,tanyşmana pursat boldy.Özümiň Türkmenbaşydanlygymy aýdanymda bolsa,\"Goňşymyzy tanadyp,şony tanaýarmyň ?\"diýip sorady.Görüp otursam şo-ol myhman oglan eken.Birhili tolgundymam,begendimem.


Soňaňabaka men oňa\"Myhman oglan\"diýip ýüzlenýärdim.Olam kyn görenokdy.Biri-birimiziň üstünden kän degişýädik.Bir gün biz tarapa ýolunyň düşjekdigini aýytdy.Geljegini eşdenimde begenip uçaýjak boldum.Sebäbi azyragam bolsa,ol oglanda göwnüm bardy.Diýlen günem ýetip geldi.Ýöne iki gündir onan habar alamokdm.Geldim diýibem aýytmady.\" Dogry näme üçin aýytsyn\"diýip,käte öz-özüme gürläp gynanýadym.


Men öýüň ýeke gyzy ,körpeleri.Bir agam bar gelinejemem köpleç işde.Menden soň işden gelýär.Öýde agam oňa \"Işleme öýde otyr,öýüň işlerini et ejeme kömekleş jigimdensoň işden gelýäň.Jigime işden soň öýüň işleri agyr\"diýse-de diňläberenokdy \"Meň höwes edip okadym,şu käri halap,işlemegi çagalykdan arzuw etýänimi bilýäňä sen! Maňa öýde otyr diýme\" diýip günaşa günden dawa bolýardy.


Agamyň gözünde gelinejemi beter garalamajak bolup,işden ir çykyp bilsem,ylgap gelýärdim.Naharam,öýem wagtynda taýyn edýärdim.Şol günem ir çykdym.Öýe-de ir geldim.Gelibem nahar şoruň ugruna çykdym jigilerimem gapdalymda asylşyp \"Ol,bu\" diýip güýmeýärdiler.Telefony açyp görmäne asyl-ha elim ýetmedi.Agşamam daşary çykyp bir gyrada duran süpürgä elim uzalytdym welin goňşa Begenje meňzeş oglanyň girenini gördüm.Içimden \"Ýa Begenç geläýdimi-kä?! Aý,ýok gelen bolsa hökman aýdardy. Merdandrlaý şolam Begenje meňzäp dura\"diýip pikirlendim.Merdan meniň synypdaşym,bir mekdepde bile okap,bir partany bile böleşdik.Maňa köplenç Lälejan diýerdi.Agam ýok wagtam \"Lälem\"diýip ýüzlenerdi.Howlyny süpürip ýören wagtym Merdan gapydan çykdy.Daş-töwrege garaňjaklap birden maňa gözi düşdi.


-Oh-ho,Lälejan .


Daşaryny süpürýänzmi?!


+Howwa burnysumak kömekleşmäne geldiňmi?!


-Diýme maňa burnysumak.Çagakam bolaýypdyrn indi däl-ä,Aýý howwa.Aslynda Läläme biziňem gapyny süpürip beräý diýjekdim.


+Bäý-bä başga arzuw-isleg?!


-Sen şony et galan işiň soň aýdaryn.


+Gaýtam gel lakgy-lukgyny azaltda şu sekini süýşüriş!


Aý meniň muňa ýekeözüm güýjim ýetmez.Garaş häzir.\"Begenç ,Begenç\"diýip öýe tarap gygyrdy.


Tolgunyp aljyrap başladym.\" Begenç gelipdir\"diýip,içimden zol-zol gaýtalaýardym.


Gapydan Begenç çykdy meni görmändi.Merdan ýagdaýy aýdanda göni maňa seretdi.Ýylgyryp habar gatanyna garaşýardym.Ýok! gaýtam meni görüp gaşy çytyldy.Merdan sözün ýykmajak bolup kömekleşmäne geldi.Sekini süýşürdiler.Merdanyň üsti-başy hapalandy.\"Gitme häzir,ýene yzyna süýşürmeli\" diýsemem.


\"Arassalap geleýin\"diýip,gitdi.


Begenjem ýüzüme gaharly seredip dur...



Dowamy bar...

25
164
serdarowna
24 Oktýabr 2023
Dowamy haçan çykar
ayuada
24 Oktýabr 2023
Hmm gaty gyzyklydyr onem goylupdyr yene bir gezek okadym gaty gowy
tmyigit76
24 Oktýabr 2023
Gyzykly eken. Dowamyna garaşýan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.