bellidal
24.10.2023 08:33

Gowulañ ep-esli azalýan döwri

Sen ýaly gyzlañ barlygyna şûkür

Azgynlyk ahlakdan ar alýan döwri

Sen ýaly gyzlañ barlygyna şükür


Göwnüñ giñ ullakan welaýat ýaly

Görküñ ýagty ýola hemaýat ýaly

Bir gez aldamagam jenaýat ýaly

Sen ýaly gyzlañ barlygyna şükür


Bûgün söýüp ertä ýeke çykmaýan

Bagtyny diñe bir ýigitden çaklaýan

Görkūni bezesede erkini saklaýan

Sen ýaly gyzlañ barlygyna şükür


Öz ýarynyñ kem-käsini ýaşyrýan

Başyny belent pãlini pese düşürýän

Baýlygyñ bagt däldigine düşünýän

Sen ýaly gyzlaryň barlygyna şükür


Nurly gözi bilen mähriñe çaýyp

Sähel zada özüni bagtly saýyp

Entägem türkmeniñ törüne laýyk

Sen ýaly gyzlañ barlygyna şükür

Siz ýaly gyzlañ barlygyna ṣükür




Kerim Hally

24
61
gulshatayewa97
24 Oktýabr 2023
😍😍😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.