bellidal
23.10.2023 21:36

Iýenini doýanyny bilmeýän

Ýasda aglap toýuñ güni gülmeýän

Agyr güni halyñ sorap gelmeýän

Garyndaşdan daṣyrak bolaýgyn ogul


Beýikdir ýetmeziñe gülmeýän adam

Pesdir beýikligiñi bilmeýän adam

Gepi gepe sepläp ýelmeýän adam

Ondanam daşyrak bolaýgyn ogul


Uly märekede agras gūrlegin

Ýer depeñde çynyñ bilen derlegin

Ir örmegin il örende örlegin

Gijä galsañ rysgal kemýändir ogul


Öz gepine özi gūlýãnden gorkgyn

Karz bermän karz alýandan gorkgyn

Göýä diri bolup ölýãnden gorkgyn

Galanynam özúñ biläýgin ogul


Ýigit bardyr gylyç oýnar ýaý alar

Bardyr ýigit saýaladar saýalar

Ýigit bardyr diñe adyn zaýalar

Ondanam daşyrak bolaýgyn ogul


Jeza bermegin pes kiṣilere

Ýaran bolmagyn mes kişilere

Öwrüljek bolgun tüýs kiṣilere

Galanynam özùñ duýaýgyn ogul


Keýpe göwün berme çökerer dyza

Diliñ gysga eder ýatyrar yza

Gyş baky däldir çykarsyñ ýaza

Ýazam bir pasyldyr biläýgin ogul.

25
107
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.