Dowran...
09.04.2020 10:46
Täze giýewiñ aýdymy
(degişmeden çyn)

Sowgat edip dünýäñ gözel gülüni,
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.
Zyýan etmez kem salsanyz galyñy,
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Maşynym ýok , ýokdur üýtgeşik öýüm,
Halal çörek iýmek maksadym küýüm,
Mynasyp zahmetden gaçyrman boýun
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Ahlakdan nurlansyn külbämiñ içi ,
Gyrkmazlygy öwret goý össün saçy,
Aýdym aýtmasada toýumyzda Hajy
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Käriñ kyny añsadyna seretmen
Söýenime razy bolup pelekden
Rysgalymyz geçip dursa elekden
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Juda kär tapmasam bagşy bolaryn
( iller aýdýa menem oñşybererin)
Toýlaryny sowup goñšy golamyñ
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Çaga geler durmuşymyz özgerip,
Törümizde sallançaklar üwrelip
Ezizowyñ hüwdüsini öwrenip
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Bir birege mylaýymja gepleşsek
Juwanlykda laýna girip ötmesek
Pulumyzy boýagna sarp etmesek
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Beripsiñiz edepleriñ gowusyn
Juda söýdüm maşynsyz kir ýuwuşyn
Işe barýan ýollar iýse köwüşin
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Baýlyk däldir beýik bagtyñ girewi,
Çyn duýgudyr bagtyñ sarsmaz küregi
Urup dursa Kerimhallyñ ýüregi
Gyzyñyzy hor etmerin daýzajan.

Kerim Hally
14
868
Dowran...
10 Aprel 2020
Bolya sizinem gijaniz rahat bolsun
Bagtym bol sen
10 Aprel 2020
Hehe borla bolup bilyara olar yalta zatlar.Manada öydakiler kavagt naharyny aç bolsañ iyaymesek dp başlayalar ?

sağ bol Dowran dayy yatayyn men.gijan rahat bolsun ?
Dowran...
10 Aprel 2020
Howa sony su wagtam yatlayalar sajyn duybinden bir kile duz cykdy eremandirem
Bagtym bol sen
10 Aprel 2020
Hehe onna siz balyk iyman duz iyipsiniza dayy ?
Dowran...
10 Aprel 2020
Owrenersin bizem meydana gidemizde owrendik . Yone men duzy ozime sazlayan olam duzly bolya bir gezek balyk gowurdyga bira duzlap elini yuwmana gidipdir yzyndan menem duzladym 1 patoga iyip otyranyn biri yuwanyrakmy diydi welin yene bir gysym bay suyji bolda hemmesi sagbol aytdy mana
Bagtym bol sen
10 Aprel 2020
Heyyyy garaz bişirip bilyanini aytjakdalda ha?Menem nahar owrenip başlanyma 5-6ay boldy dayy ?sençe bişirip bilermikam?
Dowran...
10 Aprel 2020
Howa elbetde palaw diyip sule bisiremok iyip otyrkan gulagyny kesselerem duymarsyn diyyara ay aytsan manty buker otyrsynda
Bagtym bol sen
10 Aprel 2020
Oña seret bişirip bilyanini bir aytda dayy. bir iki gezek bişirip iydirmelida?naharyñ suyjije bir bolyamy dayy ?
Dowran...
9 Aprel 2020
Bolya yegen gorkup dallay sylap edyan edernem hudaya sukir utuk edip bilemok hemme nahary bisirip bilyan yone dayzan bilenok onrak oglanlar geldi oturmaga ozimiz edeli dp dasarda nahar bisirdiga mesga juyje gowurdym goripdira elin gelsip dur diyya yok men dine buladym diyyan bolmasa isden gelip nahar etsen gozegine getir
Bagtym bol sen
9 Aprel 2020
olam dogry daýy.kimden bir zat owrenjek bolsañ derrew özüne menzetjek bolýa.Hemme zady bilmek hökman dal adama her zatdan gerejigini almaly adam.hem dini ylymdan hemem dunyewi ylymdan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.