Göwünlermiz ýarty, açyldy ara,
Meniñ ýok dünýämde gysylmadyňmy?!
Ýitirip ozüñi, gol berip zara
Soñky umydyñy gysymladyňmy?!
Pikirler bulaşyk duýgular kemter,
Bilýän bu ýol bizi tümlüge elter,
"Boldy, bary besdir, ýoklugyn ýeter"
-diýsenem icinden gysynmadyñmy?!
Dolduryp gözüñi, ýatlap geçeni,
Tapdyňmy özüñden yalñyşy, kemi.
Uludan alañda gussaly demi
Geljegiñden gorkup basylmadyñmy?!
Gijeler howlugyp ak dañ atarna,
Gündizler garasyp günüñ batarna,
Goşup meni şowsuzlaryñ hatarna
Bagtyn bürençegin atynmadyñmy?!
Diydiñ mende duýgy bolmady entek.
Howwa señki dogry, asyl men tentek
Günleriñ geçende bir zadyñ kem dek
lcini it yyrtyp, kesilmediñmi?!
Müñ gezek duýdurdyň düşjegim jyda,
Saña diymek añsat, men bilmen çydap.
Arada duýgular bolýarka pida
Gül gownüñ solduryp peselmediñmi?!
Diýip bilemok men soñky sözümi,
Sen näme diýsenem ýumyan gözümi,
Maña edeñde-de şunça dözümi
Barybir söýgümden gutulmadyñmy?
Bolmasam saýlawyñ, göwnüñ ýeteni,
Meniñ duýgularym ejiz ekeni.
Söýmedigiñ üçin aýyplamok seni
Razy, ýöne mensiz utulmadyñmy?