Bu gije seniň telefonyň hemişelik öçdi. Diňe adamlar däl, telefon belgileri hem ölýän eken. Durmuşda köp-köp belgileri unudýarsyň: passportyň, dostuň awtoulagynyň belgisini, iň soňky aýlygyňy, öz ýaşaýan şäheriň ilat sanyny, Aýa çenli bolan aralygyň ölçegini...hemmesini unudýarsyň. Diňe şu bäş belgiden ybarat telefon belgisini unudyp bilmersiň. Ol seniň üçin tapylgysyz peşgeşdi. Bu bäş belgini, onuň sesidir telefon tutawajyndan gelýän benewşe gülüniň hoşboý ysyny hiç wagt unudyp bilmersiň....
Käte men gap-gara telefonyň tutawajyny hut roýalyň gapagyny açýan ýaly emaý bilen galdyrýardym. Käte-de ony tabydyň gapagyny ýapýan ýaly ägälik bilen ýerinde goýýardym. Indi bolsa bu belgi ýok. Ýok, bar, diňe meniň üçin ýok. Indi ol meniň üçin girmek gadagan edilen bir meýdançady. Barmaklarymyň aşagynda, telefonyň ýasy tegeleginde ýerleşýän bu bäş belgi, indi meniň üçin aşmasy kyn menzillere, çakrymlara, parsahlara öwrülipdi.Men bu menziliň bäşden dördüsini geçip bilerin, ýagny diňe dört sany belgini aýlap bilerin, emma iň soňkusyny welin, hiç wagt aýlap bilmerin. Seň belgiň meň üçin açary ýiten gulply gara gapy.
Maňa seni görmek hökman däldi.Jaň ederdim-de, sesiňi eşidenimden:
-Barmaklaryň üşäp gidipdir, ezizim!-diýerdim.
Sen bolsa derrew munuň sebäbini aýdyp bererdiň. Men seni göremokdym, emma deňziň ýakasynda ýaşaýan adamlaryň deňzi gowy görmese-de, hemişe ony duýuşlary ýaly, seni uzakdan hem duýup bilýärdim. Birdenem edil şol deňiz gaýyp boldy-da duruberdi... Müň gezek gaýtalanan, lenji çykan hadysa: men, sen, ol, soňra-da telefon. Bu zatlaryň bary Rasimiň toýy güni başlandy..
******
-Biz bäş kişidik-diýip, Feruz sözüni dowam etdi. –Hälki: “Olar bäş sanydylar” diýen kino bar-a?! Şoňa meňzeş. Men, Kemal, Myrat, Rasim we Seýmur. Bizi ýeke-ýekeden eýelediler, boýnumyza boýuntyryk saldylar. Hawa, özünem, ine, şular-öz hanymlarymyz saldy. Häli öýde-de birtopar çaga-çuga, gazan-tabak diýen ýaly derdeserler bar. Hawa, biziň başymyzdan külpet inderdi, özem erbet indi.
Hemmeler gülüşdiler.
-Ynha, bu gün dostumyz Rasim hem sallah ýigitleriň hataryny terk edýär. Nätjek-dä. Elbetde, men degişýän. Rasim, Farida bagtly boluň. Men size bagtly durmuş, uzak ömür, jan saglyk arzuw edýärin. Ogully, gyzly boluň. Siziň saglygyňyza bada göteripdik, ýene-de götereliň. Ine, bu badany bolsa, aramyzdaky soňky “mogikan” –gadyrdan dostumyz Seýmuryň saglygyna götermegiňizi isleýän. Ol ýaş, sallah ýigit bolup, biziň ýitiren “jennetimiziň” iň soňky wekili hökmünde köňlümize teselli berýär. Sag bol, bilbil bol, ýöne kapasada bolma.Hemmeler maňa bakýardylar, kikir-kikir gülküleriň, badalaryň şaňňyrdysynyň arasynda özüme tanyş ýüzleri görýärdim. Olaryň ýüzlerinde şatlyk,birazajygam haýran galyjylykly garaýyşlar bardy. Myhmanlar dagansoň hemmämiz-Feruz, Kemal, Myrat dagy we olaryň gelinleri bilen bilelikde öýümize dolandyk. Şäheriň gijeki, boşlaň köçelerinden ýöräp barşymyza, Feruzyň gelni meniň golaýyma süýşdi:
-Hawa, Seýmur, haçan siziň toýuňyzda oturarys?
Men:-Bu golaýlarda-ha däl-diýdim.
-Näme üçin? Ýa-da sen bu tentegiň gepine ynanýaňmy?-diýip, ol adamsyna gysmyljyrady.
–Näme-de bolsa, sen maşgala durmuşyny jähennem saýýan bolmaly.
-Ýok-la, ol özüne mynasyp gyzy tapyp bilenok-diýip, Feruz gürrüňe goşuldy.
-Dogry dälmi? Eşidýäňizmi ýigitler. Geliň, Seýmura özümiz gelinlik tapalyň. Seniň üçin Bakuwyň iň naýbaşy gyzyny tapsak, öýlenermiň, hä?
Men:-Gürrüňi bolmaz!-diýdim. –Ýöne bir şert bilen:ony häziriň özünde tapyp bermelisiňiz. Ertire galsa, peýdasy ýok. Pikirimdem dänerin.Kemal:-Gadyrdanym-diýdi. –Gijäň bir mahaly saňa gelinligi nireden tapaly? Onsoň hem sen biwagt çagy ýeke özi köçede entäp ýören gyza öýlenmersiň ahyry?
-Düşnükli. Aňryýany bilen mamlasyňyz. Onda bu gürrüňe şu ýerde nokat goýalyň.
Meniň bir teklibim bar. Geliň, Seýmura telefon arkaly gyz tapalyň. Honha, golaýjakda telefon tünegi hem bar.-Ajaýyp pikir. Emma meniň iki köpükligim ýok.
Ýerli-ýerden maňa iki köpüklik uzatdylar.Men mähetdel etmän, telefon tünegine girdim:-Baş üstüne, aýdyň. Feruz ilki sen aýt!
Feruz:-Kelläňe gelen belgileri aýlaber. Meselem-diýip, birden sözüniň yzyny aýtman dymdy. Biraz ikirjiňlenip durdy-da:-Aý, ýok, gardaş-diýdi. –Bilýäňmi näme, bu örän jogapkärli iş. Soň bir gün gaýneneň bilen oňuşmasaň, ömürboýy eliň meniň ýakamda bolar.
Men:-Meniň bir teklibim bar-diýip, hemişe orta bir teklip oklap ýörýän Feruzyň gelni gepe goşuldy.-Hiç kimiň jogapkärçilik çekesi gelenok dälmi?! Geliň, onda şo jogapkärçiligi paýlaşalyň. Herimiz bir belgiden aýdalyň.Hemişe gelniniň teklibini goldaýan Feruz:-Tüýs bolaýdy. Iki-diýdi.Men iki belgisini aýladym.Gelni:-Dokuz-diýdi.Kemal:-Nol-diýip, gelnine garady. –Indi seň nobatyň.-Men...bilmedim-dä...Bolýa, goý, dört bolaýsyn!Myrat:-Bäş-diýdi,
Diňe Myradyň gelni gürlemäge ýetişmedi, çünki tutawaçdan üzlem-saplam zoguldy sesler eşidildi.
-Meniň geljekki gelinligim uklap ýatyr öýdýän-diýip, men wäşilige saldym.Hemmeler gülüşdi. Men tutawajy şakyrdadyp ýerinden asdym.Soňra ýene-de ýolumyzy dowam etdik. Ýuwaş-ýuwaşdan her kim öz öýüne sowuldy, näme üçindir, juda ýekesiredim. Deňziň kenaryna gitdim, uzak wagtlap bireýýäm çolaran giň köçede gezim etdim. Birdenem, hälki, bir sagat mundan öň oýun-degişme bilen aýdylan telefon belgileri ýadym düşdi. Gije sagat ikidi. Men golaýdaky telefon tünegine girip, deşige iki köpüklik okladym-da, belgileri aýladym. Aňyrdan zenan sesi eşidildi. Bu ukuly ses däl-se, biraz ýadaw, gijäniň bir mahaly özüne jaň edilmegine geňirgenýän zenan sesidi.-Aýdyberiň, diňleýän.
-Gowumyň?
-Gowumyň? Siz kim?
-Bu men... Geliň, tanyş bolalyň. Men kesgin jogaba garaşýardym. Şu pursat hut ýüzüne şarpyk çalynjak ýa-da öňünde bat bilen gapy ýapyljak adamyň ýagdaýyna düşüpdim. Emma şarpyk hem çalynmady, gapy hem ýapylmady. Ol öňküsi ýaly ýuwaşlyk bilen:
-Bu wagt tanyşmak üçin biraz gijräk bolaýmasyn?-diýdi.
-Asla beýle däl. Tersine, tüýs wagty. Men ýaňyja iň ýakyn dostumyň toýundan çykdym. Ol meniň iň soňky sallah dostumdy. Özem maňa onuň toýundan däl-de, ýasyndan gelýän ýaly bolup duýulýar.
-Waý, waý. Näme üçin beýle diýýäň? Özüň heniz öýlenmediňmi?
-Ýok. Siz näme? Siz durmuşa çykdyňyzmy?
-Tanyşlygyň başky pursatlaryndan köp zady biljek bolýaňyz, öýdýän-diýip, ol güldi.
-Meni bagyşlaň. Men...ötüki, telefon bezzatlaryndan däl. Bilýäňizmi näme, men diňe...näme üçindir, özümi diýseň ýalňyz duýdum-da, kimdir biri bilen gürleşesim geldi.Bolýa, ýöne meniň telefon belgimi nireden aldyňyz?
-Bu bütinleý tötänlikde boldy. Kelläme gelen belgileri aýladym, bolany şü.
-Geň galaýmaly, gaty täsin öz-ä.
-Bilýäňizmi, dostlarym gidensoň, özümi diýseň ýalňyz duýdum.
-Bolýa, munuň aýby ýok.
-Siz bilen duşuşyp bolmazmy?
-Ýok, ýok, bu mümkin däl. Geliň, şeýle gürleşeli. Häzir gaty giç. Öýüňize gidiň-de, uklap, dynjyňyzy alyň. Ertir oýananyňyzda hemme zat ýerbe-ýer bolar. Walla, ynanaýyň.
-Ýöne men sizi görmek isleýän. Iň bolmanda gürleşmek isleýän.
-Indi telefon belgimi bilýäňiz. Irden turanyňyzdan soň, meniň bilen gürleşesiňiz gelse, baş üstüne, jaň edip bilersiňiz!
-Çynyňyzmy?
-Hawa, çynym. Indi bolsa, gijäňiz rahat bolsun!
-Siziňem. Men ertiriň özünde size jaň ederin. Belki, siziň üçin hem gülkünçdir, emma tutawajy asyp, boşlaň köçelerden ýöräp barşyma, indi menem ýeke däl ýaly, meniňem durmuşymda kimdir biri peýda bolan ýaly bolup duýulýardy. Ernim bir ýere ýygnalman ýylgyryp gelýärdim.
(Dowamy bar)