yazmyratmazy
21.10.2023 15:19

Ýanyñda galmagy isledim, emma,


Ýadyñda galmaga boýun etdi durmuş.


Göýäki bagt baryn eçilip hemmä


Biziñ söýgümize oýun etdi durmuş.




Gijeler ýyldyzlar süýnen çagynda


edilen arzuwlar sowruldy yele.


Umytlardan gurlan ynam dagynda


“Sansyz” sebäplerden gopdy zenzele.




Sebäbi sen baş galdyryp bilmediñ


Ejeñ diýen çagy “geldiler guda"


Belki bu ykbalyñ oýny bolandyr


Belki señ islegiñ bolandyr buda




Aý bolýala saña näme diýeýin


Peýdasy ýok wagty iki arada


Ýöne haýyş, käte meni ýatlap dur


Gürrüñ gitse çyn söýgüler barada




Alnyñ ýaly açyk bolsun ýoluñam


Bagtyñ bolsun soñlanmajak bir ömür


Sen ýakma ýüregñi, ýanmaly bolsa


men seniñ oduña bolaýyn kömür.



Ýanyñda galmagy isledim, emma,


Ýadyñda galmaga boýun etdi durmuş.


Gutlag söz, ýylgyryş eçilip hemmä


Bu gun söýgülimiñ toýun etdi durmuş

14
42
yazmyratmazy
21 Oktýabr 2023
@mawy, yok durmushymdan dal.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.