Relax
21.10.2023 00:48

Oglanyň dosty oglan!. Gyzyňky hem gyzdyr!.


Soňky döwürde oglan bilen gyzyň dostlugy örän köp göze düşýär. Bilemok bu meselä gyzlar nähili seredýär, ýöne ilki bilen akyla gelýän sorag şu: Oglandan gyza, gyzdan oglana dost bolup bilermi?! Men bu ýagdaýlary käbir görnüşlere görä analiz etjek:


-oglan gyz bilen ilki tanyşanda birbada söýüşeli diýip bilmänsoň we soň ol gyzdan halas bolasy gelen wagty özüne gaçmaga gapy goýmak üçin dostlugy saýlaýar. Gyzlaryň hemmesi diýen ýaly bu teklibe razy bolyar.


-oglan bn gyzyň dostlugynyň pes ähtimally bolmagynyň başga bir sebäbi, adam nebsiniň gulydyr. Mundan gelip çykyp, ol dosty hem bolsa ýanynda duran gyza belli bir parametrler tarapyndan ony gyz ýerine goýup seredýär we bu aragatnaşygyň dostluk çyzgysyny geçmegi gaty uly ähtimal.


-gyzlar köplenç dost diýip ylalaşan oglanlaryny halamaga we soňra oňa nädip söýýänini aýtmaga ýol gözläp başlaýar we her dürli derde girýär. Gynansakda, duýgy erkeklerde gyzlardaky ýaly aňsatlykk bilen orta çykmaýar we oglanyň bir gyz üçin aglanyny görmek örän kyn yagdaý, gyzyň oglan üçin aglaýşyny her ädimde görüp bilsek hem.


-onsoňam, dost diýilýän hemme syrlaryňy paýlaşylýan syrtyň ýere düşende kömek etjek bir ýakynyň. Emma gyza oglan hemme meselede kömek edip bilmez. Käbir gyzlar bolaýmasa, galanlary hemme syryny oglana açmaga hökman utanaýmaly. Oglanlarda-da şeyle. Şonuň üçin oglana oglan iň gowy dost, gyzlara-da gyz iň gowy jora bolup biler.


-Bu adamyň ýaradylyşynda bar bolan zat. Fiziki we biologiki şertler şuňa getirýär.


-Ýöne oglanlara maslahatym gyzy çenden aşa köp ýakmajak derejede ýakmazlyk şerti bilen tanamak üçin dostluk bahanasyny ulanyp bilersiňiz.


Diyjek bolyanym döwür üýtgeýär adamlaň yüzem barha yyrtylyar!


Köpüñiz aýdarsyñyzam biz ösen ýewropa medeniýetine ýakynlaşýas diýip, ýalñyşmalyñ, ata-babalarymyzyñ diş-dyrnak bolup dikelden medeniýetinem ýatdan chykarmalyñ-how... gowy bolýan bolsa olaram gyz-oglan dostlugyny medeniyetiñ arzyly ýerinde goýardylar.. gyz bilen oglanyñ arasynda tanyşlyk bolup biler bermudyñ çägi ýaly ,ýöne gyz-oglan dostlugynda welin çäge ýetmersiñ...biziñ her birimizde uýada bar, doganda. Hany onsañ men señ uýañ dosdy diyip biri gapyñdan gelsin uyañ ýanyna ...soñundan ALLAÑ özi gorasyn...


Oglanlañ gyza dostlugy işini bitirýänçädir...işi bitdi wessalam ýene bir taze dostlugyñ gözlegine ...

Indi döwür şeýlebir tizlikde ösýär welin akylyñam alyp ýetişenok ...döwürdenem yza galmaly däl. Gyz oglan dostlugyny hem ýazgarasym gelenok ýöne çäkli dostluk hasam oñat bolar..uzaga gider...


Gyz bilen oglan işdeş, kärdeş, klasdaş, kursdaş, garyndaş, ýassykdaş (öz gelniň), partadaş bolup biler. ýöne ejeň, gelnejeň (gyzlar üçin) syrdaş bolup biler. Gyz bilen oglan hiç wagt dost bolup bilmez. Dostlar adamyň birtopar dosty bolanok. Bir ýa iki dosty bolýar. Galany ýokarky sananlaryma girer.


Men bu ýagdaýy, köp ýyllar bäri türkmen gyzlary bilen öz durmuşymda analiz etdim. Niyetim analiz etmek däldi, ýöne aýak direýän pikirim bardy, "name üçin gyzdan oglana dost bolmasyn" diyip. Emma gynansakda, ylaýta-da türkmen jemgyyetinde (orslaşmadyk bölekde), bu dostluk görnüşiniň aşagynda derek yok. Oglanlar gyzlardan, gyzlar oglanlardan gaça dursun diýemok. Ýöne, dostluk diýip ýakynlaşanda ýalňyş kanallara düşüp aldanmasynlar. Bu gyz-oglan dostlugyndan iň köp zyýan çekýän gyzlar ekeni.


Ýa diýersiňiz, meniňä 4-5 ýyl bäri (belki ondanam köp) gatnaşýan gyz ýada oglan dosdum bar, bizä söýgä ýazdyramyzok diýip. Dogrudyr, bolup biler.. Onuňam görnüşleri ýada sebäpleri bardyr özüçe, ýogsa onça ýyllyk doslugy bir biriňize bolan uwaženýaňyz saklaýandyr öýdemok.. Şonça wagtyň içinde 1 däl, birnäçe gezek haýsy bolsa 1 tarapyň ýüregine gyşyk pikir gelip geçendir.

Ýada sizi birleşdirýän maddy ýa magnawy 1 zat saklaýandyr, ýöne şol 2 tarapyň daýanýan zadynyň tamamlanan güni siziň hem doslugyňyz tamamlanar.!

Dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän, Sagboluň

72
1 078
atakulyyewa_humay
22 Noýabr 2023
Dogry)
0913
1 Noýabr 2023
Audan zatlarynyz butinley dogry
raff
30 Oktýabr 2023
Dory aydyanyzlar yone oglan bn gyz dost bolup bilerler
ones
21 Oktýabr 2023
Salam, örän gowy post paylashypsynyz, minnetdar!
a_e_r
21 Oktýabr 2023
Edil hakyky çyn dost bolmasa-da, umuman gowy gatnaşyk saklanarmyka diýän men🤔
3475
21 Oktýabr 2023
Гыз бн оглан хич хачан дост болмая
Relax
21 Oktýabr 2023
@hhhhh, ýok
hhhhh
21 Oktýabr 2023
Siz dasary yurtdan goyyanyzmy postlarynyzy ?
hhhhh
21 Oktýabr 2023
Her kik oz yerini bilse gowy
hhhhh
21 Oktýabr 2023
Kursdas klasdas isde bolan yagdayyndam arasyna çâk bolmalydr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.