cilek
20.10.2023 14:19

Öň bir alym gämä münen badyna,

Şeý diýipdir ony sürýän adama:


"Meniň sowalyma jogap ber basym,

Ylym diýlen zatdan habardarmysyň?"


Gämiçi aýdypdyr:"kitap okamok,

Seň diýýän zadyňdan bilýän zadym ýok".


Alym şeýle diýen:"Bu bolşuň erbet,

Onda ömrüň ýaryn köýdi hasap et".


...Olar alys syýahata ugranda,

Birden güýçli gaý turupdyr ummanda.


Gämiçi sorapdyr:"Jogap ber basym,

Ýüzmek diýlen zatdan habardarmysyň?"


"Men diňe ylyma berilen bende..."

"Ömrüň baryn köýdi hasap et onda..."


Deňiziň holtumyna düşeňde elin,

Ylymly bolmagam gerekdir welin,


Ýüzmegi başarmak has zerur ondan,

Ine,şu barada oýlanyň çyndan.



𝐉𝐞𝐥𝐚𝐥𝐞𝐭𝐝𝐢𝐧 𝐑𝐔𝐌𝐘

24
57
cilek
20 Oktýabr 2023
@0878, 👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.