'' Wah... kimleriñ gujagyna dolduñ sen?''😢
Doly okañ ýaltanmañ...
1-nji bölüm.
Ayal- gyzlar bu dunyaniñ bezegidir.
Ayal-gyzlar güle deñelýär.Yone gynansakda kabir gelinlerin edyan nogsanlyklaryny yatlanymyzda bu pikirden düýpgoter daslasmaly bolyas. Men bu wakany yazmagymyñ esasy maksady şeyle erbet yollara gadam basan ayallaryñ eden işine ökunip toba gelip dogry yola gitmegidir.
Jemal sada, agras, garaja uzyn saçly, owadan zehinli gyzdy. Emma ol hernaçe owadan bolsada ozune seredip uytgeşik geýinmezdi. gozellikde welin oña taý geljek ýokdy. Jemalyñ ýekeje gyz jigisi bardy. Onuñ ady Maraldy. Ol gaty owadan bolmasada enaýyjady. Emma onuñ Jemaldan üýtgesik tarapy özune seretmegi, döwrebap geýinmegi, gezelenje gitmegi gowy gorerdi. Jemal öý işlerini edýän pursady ol telewizora yada telefona güýmenerdi. Umuman bu ikisiniñ hasiyeti düýbinden başgaçady. Jemal Maraldan bir ýaş ulydy. Olaryñ maşgalasy gaty bir baý bolmasada agzybirdi.
Bir gün Jemala sawçylyga geldiler.Gelen sawçylar baý maşgaladandy. Olar Jemallaryñ maşgalasyny tanayardylar. Sebabi Jemalyn kakasy bilen oylenjek yigidin kakasy wepaly dostdy. Olar perzentlerini entak çagalykdan bir-birine ýetirmek üçin arzuwlar ederdiler. Bayramyn kakasy ogluna Jemal barada öñ birnaçe sapar aýdypdy. Baýram bolsa ýylgyran bolup goýardy.
Bayram diyseñ alçak, şadyýan koce oglanydy. Ony goren kişi synlamazdan onuñ deñinden geçmezdi. Ol uzyn boýly akja ýüzli bir-birine goşulyp duran gaşlaryny gara saçlary bukup durdy. Ýylgyranda ýañagyna çukanajyk peýda bolýan tegelek gözli oglandy. Ol aşyk bolmaz ýaly ýigit däldi.
Dowamy bar...
Bellik: 📌 Meniñ durmuşymdan alnan waka däldir.
Biriniñ gürrüñ beren wakasy. Hakyky durmuşda bolan waka.