Sizde adaty USB fleşkalar bardyr. Olaryň daşynda şol fleşkaň göwrümi ýazylandyr. Meselem, 2GB, 8GB, 16GB we ş.m. Bularyň göwrüminiň daşynda ýazylandan birneme kici bolýanyna üns beripmidiňiz? Hacanda siz 8GB-lyk fleşkany kompýutere dakanyňyzda onuň doly ýadynyň, 8,00 Gb däl-de 7,81 Gb görkezýändigini bilýäňizmi? Munuň sebäbi näme? Sebäbi, informatika ylmynda 1 kilobaýt 1024 baýta deň hasaplanýar. Emma mikroýatlary öndürýän kompaniýalaryň öz standarty bar. Olar 1 kilobaýty 1000 baýt hasaplaýarlar. Şol sebäpdenem, meselem 8gb-lik fleşka öndürenlerinde, 8000 mb-lik öýjük öndürilýär we ýerleşdirilýär. Netijede, biziň elimizde 8000mb bar. Kompýuter ony informatika standarty boýunca 1024-e bölüp hasaplaýar we 8000/1024=7,81gb görkezýär.
Diýmek,
4gb fleşka=3,90gb,
8gb fleşka=7,81gb,
16gb fleşka=15,6gb,
32gb fleşka=31,2gb,
64gb fleşka=62,5gb.
Ýene bir bellemeli zat, fleşka näce uly göwrümli bolsa, siz şonca köpräk ýat gidirýäňiz. Meselem, 64-lik fleşkada 2gb golaý ýetmeýär.