karoleva_kiz
18.10.2023 21:43

Degişme esasynda ýazylan.



Kakyp geçgin kelläni,

Cuyruk maşyn belläni,

Ýatlar hemme Allany,

Gaýy ýigit seretse.


Meñzäp açylan güle,

Gezesiñ geler bile,

Çaltjak düşersiñ dile,

Talyp ýigit seretse.


Aýnadan salyp nazar,

Yzyndakydan ozar,

Diýerler görse gyzar,

Taksis ýigit seretse.


Agladarmyş güleni,

Gussa bilen bilemi,

Ýok, ýok bagtyñ geleni,

Bagşy ýigit seretse.


Diýmäñ hiçkime sansyz,

Durmuş bolmaz armansyz,

Dert goýarmyş dermansyz,

Lukman ýigit seretse.


Gijeler ýokdyr uky,

Ot bolar kalbyndaky,

Ýaşasyñ geler baky,

Söýen ýaryñ seretse.❤❤❤

20
82
altynn
19 Oktýabr 2023
Karoleva kiz iymisin
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.