elya
18.10.2023 19:27
Söýgi we dostluk
Telim gezek aýtjak bolup, çekinip,
Telim gezek söz deregne üsgürdim.
Meniñ söýgi gaplan, dykyz kalbymdan,
Dostluk bakyşlaryñ bilen üstündiñ.

Göz aýladym, söz aýladym düşmediñ,
Gözlerim çaşardy, sözlerim peltek.
Gezip ýörün, sepilse-de tohumym,
Ony gögertmeýän, şor açan pel dek.

Hyýalymda "oýun" gurap seň bilen,
Huşum tapyp, edebime dolanýan.
Meni söýmek kyn däl, duýdursañ ýetik,
Ne-hä jeza berýän, ne-de pul alýan.

Aýyplaşma özüm aýdyp bilmänsoñ,
Kä-te senden söýgi sözne tamakin.
Men seniñ şeýlebir gylygñy söýdüm,
(birden törüm bezeseñem tama giñ)

Ah-h arzuwlañ baryn, dost deýin bakyp,
Dost deýin söz gatyp ýitirip gelýäñ.
Ne söýgimi aýdyp gursagma basýan,
Ne-de gursagymdan iterip bilýän.

Kerim Hally
56
51
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.