miss_psychologist
17.10.2023 22:18

Meniň ýene-de kellämi garyşdyrýan sorag bar.Sorag şeýle:Özüňe bolan ynamsyzlyk bilen çekinjeňlik bir zatmy?

13
127
seneca
18 Oktýabr 2023
Sebäbi özüne ynamly kişiler özi üçin hemme peýdaly zatlary edip biljek gaýrata eýe, emma çekinjeň bolsa özi üçin peýdalam bolsa hiç zat edip bilenok, esasy meselesi şu.
seneca
18 Oktýabr 2023
Çekinjeň adamlar öz pikirlerini beýan edip bilmekde, sögene jogap berip bilmekde, öz arzuwlaryny hasyl edip bilmekde, her teklibe "ýok" diýip bilmekde, mahlasy köp zatda çekinjeňdir, bulam özüňe ynamsyzlygyň alamatydyr.
seneca
18 Oktýabr 2023
Özüňe ynamsyzlygyň kän sebäbi bar. Emma temaň bilen baglanyşykly boljak bolsa, çekinjeňligem bularyň biri.
seneca
18 Oktýabr 2023
Özüňe ynamsyzlyk gaty uly mesele, döwrümiziň (jahyllyk ýaly) global meselesi, tehnologiýa ösdügiçe adamlaryň depressiw ýagdaýlary hasam köpelýär. Aslynda bu aşa tehnologiýa bir tarapdan adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrsa-da, gaty gaýgyly hem edýär.
seneca
18 Oktýabr 2023
Emma ikisiniň arasynda gaty uly baglanyşyk bar diýip bilerin, sebäbi özüne ynamsyz kişiler esasan çekinjeň, utanjaň adamlar bolýar, köpçülikden, ynsanlardan, söýýän gyzyndan, tankytlardan, ýaramaz sözlerden, hatda (käwagt) maşgalasyndan çekinýärler.
seneca
18 Oktýabr 2023
Çekinjeňlik, utanjaňlyk psihologik bir mesele, mysal üçin bir kişiniň atasy çekinjeň bolsa, ondan doguljak çaga hem şeýle häsiýetli bolýar, ýa-da genetiki esasda-da geçýär. Ýagny ene-atanyň häsiýeti nähilek bolsa, çaga hem şeýle bolýar.
7375
18 Oktýabr 2023
Yok cekinjeňlik utanjaňlyk bolýa ynamsyzlyk gorky bolýamyka diyyan mnä
fasat
17 Oktýabr 2023
Ugurdaş bolýar! Ynam ýok ýerinde çekinjeňlik döreýär!!! Çekinjeňlik bolan ýerdede ynamsyzlyk döreýär,Emma ikisi bir zat däl ýöne ugurdaş👈 Meselem...Dostuma bil baglap bilerinmi??? İlki ynamsyzlyk döredi soňrada çekinjeňlik!!!!💥
gulshatayewa97
17 Oktýabr 2023
Ýok
diyar0
17 Oktýabr 2023
Yake
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.