gullnara_
17.10.2023 10:20
Boldy durmuş günäkär.

Seň adyňy ýatlamda, bütün dünýäm elenýär ,
Kim günäkär diýseler, boldy durmuş günäkär
Aýdaýyn baryn size, özüňiz pikir eýläň ,
Şeýle boldy aýralyk, boldy durmuş günäkär.

On sekizde aldylar goramaga Watany,
Mert durup ýola saldyň, läläm ýazan hatyňy,
Bütün durkum garaşýar, diýip eden ähtiňi,
Diýen sözüňde durduň, boldy durmuş günäkär.

Iki ýyldan dolandym gorap eziz Watany,
Uçup barýan seň ýanyňa, saýlap seçip tutanym,
Baranymdan soňra bildim, läläm hassa ýatanyň,
Barabilmedim ýanyňa boldy adat günäkär.

Bir ýyl geçdi galmadyň, hiç ýanyma gelmediň,
Bütün dünýäm dar görünýär, Allajanym almasyn,
Beterinden beteri bar, birje gezek gülmediň,
Indem alýalar Owgana, boldy durmuş günäkär.

Mundan gitdik Owgana, goramaga ýat ýeri,
Diýdim: “Alla janym alda, alma söwer ýarymy”
Emma eden arzuwlaň, mydam hasyl bolýamy?
Elden gitdi söwer ýar, boldy durmuş günäkär.

Şol gün söweşe girdik, diýdiler “bir ok atmaň”
Diýdim mundan söweş bormy, heýde ýeke ok atman,
Gyzyp gitdi çep aýagym, diýdim: “oglanlar gaçmaň”
Özümden gidip ýykyldym, bilmedim kim günäkär.

Özüme gelenim haçan? kesipdirler aýagym,
Beripdiler meň elime iki sany taýagym,
Indi men kime derkar, kimler berer söýegim,
Galdym ýeke aýakly, boldy durmuş günäkär.

Öýe geldim, diýdiler: “Bolýar ölmän gelipsiň”
Diýdim men öz içimden, görermikäm bu ömrüm,
Ertesi eşdip ýykyldym läläm seniň öleniň,
Galdym ýarsyz hem aýaksym, boldy durmuş günäkär.

Şahyr aýdar gutarýan bu gaýgyly kyssamy,
Paýlaşsaň dost bilen paýlaş, şeýle gaýgy gussaňy,
Pelegiň oýny kändir, bilmez ýalňyz ýekäni,
Hiç wagt durmuşuňyzda, bolmasyn durmuş günäkär.

awtory näbelli
22
76
ddddd
17 Oktýabr 2023
😭😭😭😭😭
arazowa
17 Oktýabr 2023
Mundan gitdik Gushga goramaga watany 😀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.