Şwesariýa barada käbir täsin we gyzykly maglumatlar
Şwesariýa – häzirki wagtda dünýäniň iň baý döwletleriniň biri hasaplanýar. Ýurtda biri-birinden owadan şäherleri göz gamaşdyryjy tebigy gözellikleri, baý medeniýeti we ýokary derejeli bilim ulgamy Şwesariýa barada uly gyzyklanmalary döredýär.
Şwesariýa dünýäde baýdagynda goşmak belgisi bar bolan iki döwletiň biridir.
Bu ýurt 3000 metrden beýik 208 sany dagyň, 4000 metrden beýik 24 dagyň ýerleşýän ýurdudyr.
Ýurduň içindäki gara ýollar islendik bir adatdan daşary ýagdaý üçin sökülip, uçar gonýan meýdança öwrülip bilýär.
Iň ýokary zähmet haklarynyň arasynda mugallymlaryň zähmet haky bolup, olara ýylda 12.000 $ tölenýär.
18 ýaşy dolan erkek oglanlar hökmany suratda harby gulluga kabul edilýär.
1992-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek Şwesariýada «Haýwanlaryň hukugyny goramak» hakynda kanunlar kabul edildi.
Ýewropanyň çäginde ýerleşýändigine seretmezden, bu ýurt Ýewropa bileleşigine agza däldir. Döwletiň resmi pul birigi ýewro däl-de frankdyr.
Şwesariýada döwlet dili hökmünde 4 sany dil hereket edýär. Ýagny olar: nemes, fransuz, italýan hem-de roman dilleridir. Ýurtda şol bir wagtyň özünde 60 % ilat iňlis dilinde gürleşip bilýär.
Şwesariýa özüniň şokolad we peýnir önümleri bilen dünýäde öňdäki orny eýeleýär.
Dünýä belli «Nescafe», «Nestle» markalary Şwesariýa degişli bolup, dünýä bazaryna taýyn kofeleriň eksportyny ýola goýan ilkinji döwletdir.
Dünýä belli «WWW-World Wide Web» 1989-njy ýylda Tim Berners tarapynda ilkinji gezek Şwesariýada döredildi.
Şwesariýaly alymlar, ýazyjylar häzirki güne çenli 25 sany Nobel baýragynyň eýesidirler we Ýewropada iň güýçli matematikler bu ýurtda ýaşaýarlar.