Ýylgyrmak sadakadyr :)
Ýaşajyk gyz gaýgyly bir nätanyş oglana ýylgyrdy.
Oglan muňa şat boldy, gaýgy-gussasy azaldy we bir wagtlar özüne ýagşylyk eden dostuna minnetdarlyk hatyny ýazdy. Haty okan adam şeýle bir begendi welin, nahar iýip oturan naharhanasyna köp pul goýup gitdi. Naharhananyň eýesi bu puly aýlanşyga salyp, köp pul gazandy we ony bir pukara sadaka berdi. Garyp adam iki gün bäri örän açdy. Ol gowy edip garnyny doýurdy. Ýolda gidip barýarka sowukdan ýaňa doňup, ajygyp ýatan bir güjüjege nebsi agyrdy we ony öýüne äkitdi.Gije ol pukaranyň öýünde ýangyn peýda boldy. Güjüjek ýangyny görüp, üýrmäge başlady. Garyp we onuň maşgalasy güjügiň sesine oýanyp, ýangyny söndürdiler we şeýdip ölümden halas boldular.
Bu bolan wakalaryň hemmesine sebäp bolan şol gyzyň ýylgyrmagydy. Beýle bolsa biz näme üçin ýylgyrmalyň?! Ýylgyryň! Ýylgyryş-ynsan dünýäsiniň gapysydyr!